logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Agriculture /Daýhanlaryň armasy ýetirilýär!
  09.06.2023
819
Daýhanlaryň armasy ýetirilýär!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda daýhanlaryň zähmet we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda döwlet derejesinde uly aladalaryň edilmegi, zerur hemaýat-goldawlaryň yzygiderli berilmegi daýhanlarymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Ahal welaýatynyň galla oragyna badalga berilmegi bilen Tejen etrabynda hem galla oragy gyzgalaňly dowam etdirilýär. Ýakynda janypkeş babadaýhanlarymyzyň hem-de ussat mehanizatorlarymyzyň armasyny ýetirmek maksady bilen Tejen etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrabyň Waharman geňeşliginiň galla meýdanynda günorta arakesmesi wagtynda olaryň armasyny ýetirmek maksady bilen meýdan düşelgesi gurnaldy.  Milli tagamlarymyz taýýarlanyp aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Olar ýurdumyzda bitýän melhem çaýlar bilen teşneligini gandyrdylar. Gysga söz bilen aýdylanda bu arakesme olara ruhy lezzet paýlady. Olara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Olar özleri üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. 

 

Täzegül HOMMODOWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň 
Tejen etrap komitetiniň esasy hünärmeni.