Täze taryhy döwürde oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilýär. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly öndürilip, welaýatlar boýunça bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamalar üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleriniň, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikleriň berilýändigini bellemek gerek. Bularyň ählisi «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk-hukuk namalary bilen berkidilendir. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu çözgütler oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga, daýhanlaryň girdejilerini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berlip, munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.