Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Daýhan mert ― ýer jomart
  09.11.2024
162
Daýhan mert ― ýer jomart

Halkymyzda «Daýhan baýasa, ýurt baýar», «Dünýäni daýhan ekleýär» diýen parasatly sözler bar. Hakykatdan-da, daýhanlaryň arly ýyl çeken yhlasly zähmetiniň ýerine düşüp, ene ýerden bol hasyl almagy ýurt üçin hem, halk üçin hem bähbitlidir. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiz tarapyndan daýhanlaryň ene ýere alyn derini, yhlasyny siňdirip, dürli görnüşli ekinlerden bereketli hasyl ýetişdirmekleri, halal zähmet çekip baýamaklary babatda zerur bolan ähli mümkinçiliklerdir döwrebap şertler yzygiderli döredilýär.

 

Şu ýylymyzyň ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri, obasenagat toplumynyň agzybir işgärleri üçin hem düşümli, rysgal-bereketli ýyl bolandygyny, şanly ýylyň eýýäm ilkinji aýlaryndan başlap, täze oba hojalyk özgertmeleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny bellemelidiris. Has takygy, Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işiniň täzeden üýtgedilip guralmagy bu ugurdaky tagallalaryň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenmegine itergi berdi.

 

Giňişleýin Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakyndaky Karara gol çekmegi bolsa ene topraga ykbalyny baglan daýhanlaryň asylly kesbine yhlasdyr söýgüsini has-da artdyrdy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ählisini maliýe taýdan höweslendirdi. Şoňa görä-de, indi olar ýere ideg edip, bereketli önüm öndürmäge, oba hojalygyny intensiw usulda ösdürip, az ýerden köp hasyl almaga, bazarlardaky önüm bolçulygyny berkitmäge täzeçil usullarda çemeleşýärler, bu babatda döredijilikli gözleglerde bolýarlar. Döwletimiz tarapyndan bu ugurda önüm öndürijilere giň mümkinçilikleriň döredilmegi, şol sanda ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi hem uly ähmiýete eýedir. Şunda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ýerlerdäki komitetleri tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileri has netijeli zähmet çekmäge höweslendirmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini ýeri gelende belläp geçen ýagşy.

 

Halkymyzy parahat, abadan we bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris. Hasyl toýuňyz gutly bolsun!

 

Maksat RAZZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.