logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Agriculture /Daşoguz welaýatynyň şalyçylary hasyly doly tabşyrdylar
  10.12.2023
709
Daşoguz welaýatynyň şalyçylary hasyly doly tabşyrdylar

Daşoguz welaýatynyň edermen şalyçy daýhanlary döwlet tabşyrygyny artygy bilen berjaý etdiler. Welaýat boýunça bol hasyl ýetişdirilen 8100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan gowrak şalynyň hasyly ýygnalyndy. Welaýatyň tüwisi alyjylar tarapyndan ýokary islege eýe bolýar. Daşoguz welaýatynyň şaly ekmek üçin has amatly ýerleriniň biri hem Saparmyrat Türkmenbaşy etraby bolup, esasan hem iki sany hojalygynda şaly uly bolan meýdanlarda ekilýär. Etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 3350 gektar ýerden 14 müň 500 tonna şalynyň hasyly ýygnalyndy.

 

 

Hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 60-dan gowragy gije-gündizleýin işledildi. Daşoguzly ussat kärendeçileriň aglabasy her gektardan 55 — 60 sentnerden hasyl almagy başardylar. Şu ýylyň hasabyna etrabyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 400-e golaý, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde 300-e golaý kärendeçi bilen şaly ösdürip ýetişdirmek barada şertnama baglaşyldy.

 


Saparmuhammet Baýdakow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.