Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Telekeçilik we şahsy ösüş barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi
  10.06.2023
743
Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

9-njy iýunda Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna girişdiler. Galla oragy möwsümine başlamaga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ak pata beripdi.

Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlarynda orak möwsümine taýýarlyk işleri, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işiniň takyk we sazlaşykly alnyp barylmagyny gazanmak meselelerine üns çekildi.

Şu möwsümde Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar bugdaýyň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. Galla möwsüminiň üstünlikli geçirilmegine tejribeli sürüjileriň we mehanizatorlaryň dolandyrmagynda daşary ýurtlaryň galla ýygýan kombaýnlary, ýokary öndürijilikli tehnikalary goşant goşar.

Galla oragy möwsüminde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlary gije-gündizleýin esasda galla orujylaryň tehnikalaryny zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary we hyzmatlar bilen üpjün ederler.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň galla boýunça döwlet borçnamasy 80 müň tonna dänä barabardyr. Günbatar sebitde ýokary hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi we güýzlük bugdaýa ideg ediş çäreleriniň geçirilmegi babatda köp işler amala aşyryldy. Orak möwsüminiň her gününi netijeli geçirmek maksady bilen, welaýatda zerur bolan taýýarlyk işleri geçirildi. Däne orujy kombaýnlaryň onlarçasy meýdana çykaryldy. Olaryň üznüksiz işlemegi üçin abatlaýyş-mehaniki ulgamyň işi ýaýbaňlandyryldy we awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýag serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün edildi.