logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Daşary ýurt wekilleri ahalteke atçylyk toplumy bilen tanyşdylar.
  14.03.2024
622
Daşary ýurt wekilleri ahalteke atçylyk toplumy bilen tanyşdylar.

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumyna, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşyjylar baryp gördiler.

 

 

Türkmenistana bolan saparyň dowamynda myhmanlar toplumyň infrastrukturasy, şol sanda administratiw we VIP binalar, açyk meýdança, atlary, taýçanaklary saklamak üçin athanalar bilen tanyşdylar.

 

 

Ahalteke atçylyk toplumy döwrebap talaplara laýyk gelýär we atlary türgenleşdirmek hem ýaryşlara taýýarlamak üçin zerur zatlaryň ählisi bilen üpjün edilendir. Türkmenistan ahalteke atçylygynyň ykrar edilen merkezi we bu özboluşly tohumyň watanydyr. Türkmenler tarapyndan, takmynan, 5000 ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen ahalteke atlary häzire çenli çydamlylygy, tizligi we ajaýyp ýörişi bilen meşhurdyr. Köp ippolog alymlaryň pikiriçe, ahalteke atlarynyň gany atlaryň häzirki tohumlarynyň köpüsinde bar.


Aýşöhle HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutdynyň
1-nji ýyl talyby.