Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döwrebap bilim syýasatynyň häzirki zamanyň ösen sanly tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap dil öwrediş şertleri we mümkinçilikleri türkmen ýaşlaryny daşary ýurt dilini has suwara öwrenmäge höweslendirýär.
Mertebesi belent Arkadagly Serdarymyzyň sanly bilim syýasatyna laýyklykda ýurdumyzda hereket edýän bilim ojaklarynyň ählisinde geçilýän daşary ýurt dili sapaklarynda döwrebap innowasiýa usullarynyň ulanmagy netijesinde okuwçylaryň logiki pikirlenmek ukyplary ösýär we olarda çalt hem dogry jogap bermek endigi kemala gelýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, häzirki ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar nesilleri daşary ýurt dillerinde hem, edil öz ene dillerinde gürleýän ýaly suwara we erkin gürläp bilmek başarnygyna eýe bolýarlar. Çünki, sanly bilim ulgamynyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap dil öwrediş usullary şu günki türkmen ýaşlary üçin daşary ýurt dilini özleşdirmeklikde kompozisiýa bolup hyzmat edýär.
Dördünji senagat öwrülişiginiň sanly özgertmelerini başdan geçirýän häzirki zaman yklymynyň bütindünýä ylmy jemgyýetçiliginde ýaşlary daşary ýurt dillerini öwrenmäge höweslendirmegiň birnäçe usuly hereket edýär. Bu usullar talyplary daşary ýurt dili sapagy bilen gyzyklandyrmaklyk üçin synpda gurnalýan dürli oýunlary öz içine alýar.
Birinji usul «Pantomimo» («pantomime») oýnudyr. Bu oýun dersde gaty çylşyrymly temalary düşündirmeli bolanda ýa-da okuwçylar sapakda ýadan mahalynda ulanylyp bilner. «Pantomimo» oýnunda okuwçylar 3 topara bölünýärler. Her topardan bir okuwçy synp tagtasyna çykarylýar. Olara dürli daşary ýurt sözleri sanaw esasynda berilýär. Mugallym bir söz aýtmazdan, yşaratlar, hereketler arkaly daşary ýurt sözleriniň manysyny düşündirýär. Her topardan synp tagtasyna çykan bäsleşýän okuwçylar bolsa, mugallymyň yşaratyndan, hereketinden sowal berilýän daşary ýurt sözüniň näme many aňladýandygyny bilmeli bolýarlar. «Pantomimo» oýny okuwçylary daşary ýurt dilini öwrenmäge höweslendirmegiň iň gyzykly usullarynyň biridir.
«Meseläniň çözgüdi» (Creative Problem Solving) atly ikinji bir oýunda mugallym daşary ýurt dilinde ýazylan haýsy hem bolsa bir hekaýanyň başyny gürrüň berýär, okuwçylaryň içinden biri şol hekaýany dowam edip, bu eseriň nähili gutarýandygyny anyk aýdyp bilmeli.
«Gyzykly tapmaçalar» (Merry Riddles) atly üçünji oýun-da ýaşlary daşary ýurt dilini öwrenmäge höweslendirmeklikde örän uly ähmiýete eýedir. Okuwçylar tapmaçalary okanlarynda özlerine nätanyş bolan sözleri öwrenýärler we oýlanyp tapmaçalaryň jogabyny tapýarlar.
«Tiz jogaplar» (Quick answers) atly dördünji oýun bolsa sapagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.
«Hekaýa zynjyry» (a chain story) atly bäşinji oýun okuwçylaryň daşary ýurt dilinde erkin we suwara gürläp bilmegini ösdürmäge kömek edýär.
«Suratlar barada gürrüň bermek» (When pictures speak) atly altynjy oýun bolsa, okuwçylaryň daşary ýurt dilinde sözlem düzüp gürlemegini ösdürmäge kömek edýär. Bu oýunda esasan mowzuk bilen baglanyşykly suratlar ulanylýar.
«Sowalnamalar» (quiz cards) atly ýedinji oýunda sowalnamalar okuwçylaryň sanyna görä paýlanýar we ähli okuwçylar bir wagtyň özünde sapaga gatnaşmaga mümkinçilik alýar. Bu ders oýny bolsa, mugallymlara wagty tygşytlamaga kömek edýär. Görşümiz ýaly, her bir innowasiýa tehnologiýasynyň özboluşly bir artykmaçlyklary bar. Dil öwrenişiň ähli usullarynda mugallym bilen okuwçynyň özara hyzmatdaşlygy, okuwçynyň okuw prosesinde işjeň hereket etmegi göz öňünde tutulýar. Bu usullar okuwçyny daşary ýurt dillerini öwrenmäge höweslendirýär. Okuwçy daşary ýurt dili sapaklaryna düýpli taýýarlanmaga synanyşýar. Bu bolsa okuwçylary okuw prosesiniň işjeň agzasyna (subýektine) öwürýär.
Akmaýa HÜMMETGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň magistranty.