logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Daşary ýurt dillerini okatmakda dil öwrediji gollanmalaryň ähmiýeti
  17.05.2023
953
Daşary ýurt dillerini okatmakda dil öwrediji gollanmalaryň ähmiýeti

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň: «On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirýäris, sanly bilimi ösdürýäris.» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda türkmen ýaşlaryna dürli daşary ýurt dillerini öwretmeklikde sanly bilim ulgamynyň ösen döwrebap şertlerinden ýerlikli peýdalanmaklyga örän giň mümkinçilikler döredildi. Häzirki zaman bilim ulgamynyň döwrebap sanly tehnologiýalaryny ulanmaklyk bilen daşary ýurt dilini öwretmeklik we öwrenmeklik bolsa, iň amatly we örän täsirli elektron okuw gollanmasy hasaplanylýar. Çünki, sanly bilim ulgamynyň üsti bilen talyp öz öwrenýän daşary ýurt dili boýunça taýýarlanylan wideo sapaklara yzygiderli tomaşa edip, bu ders boýunça özüniň bilim derejesini öňküsinden has ýokarlandyryp bilýär. Mundan başga-da, talyp sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, öz öwrenýän daşary ýurt dilinde sada dilde ýazylan gysga hekaýaly elektron kitaplary köp okamaklyk bilen, öz söz baýlygyny artdyryp bilýär.

Talyp gysga hekaýaly elektron kitaplary okan mahaly, öz öwrenýän daşary ýurt dilinde özüne heniz mälim bolmadyk sözler gabat geleninde, sözlük kitaplaryny dörüp, wagt sarp edip durman, sanly tehnologiýalaryň üsti bilen şobada öwrenmeklik mümkinçiligine hem eýedir. Ýagny, häzirkizaman ykjam telefonlaryndaky sözlük mobil goşundylary okuwça öz öwrenýän daşary ýurt dilindäki islän sözüni şol pursatda öwrenmeklik üçin örän bähbitlidir. Diýmek, häzirki zaman ylmynyň ösen sanly tehnologiýalarynyň elektron gollanmalary daşary ýurt dillerini örän aňsatlyk bilen öwrenmäge, halkara bilim giňişligindäki täzeliklerden habarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýär.  Çünki, türkmen ýaşlary sanly tehnologiýalaryň üsti bilen öz öwrenýän daşary ýurt dilindäki:  

- radio ýaýlym we teleýaýlym gepleşiklerine;

- Internet web saýtlarynda we mobil goşundylarynda ýerleşdirilen wideo sapaklara, wideo habarlara, kliplere,  gepleşiklere, çeper filmlere we   multfilmlere yzygiderli tomaşa etmeklik bilen häzirki zamanyň sanly dil öwreniş mümkinçiliklerinden we ösen okuw şertlerinden elýeterli ýagdaýda peýdalanyp bilýär.
 

Bulardan başga-da, häzirki zamanyň ösen sanly dil öwreniş şertlerinde  CD pleýerlerinden hem giňden peýdalanylýar. Bu tehniki gurallaryň ulanylmagy, daşary ýurt dilini öwrenmeklik prosesini ýaşlar üçin has gyzykly we täsirli edýär. Diýmek, daşary ýurt dili sapaklarynyň dowamynda häzirki zamananyň ösen, döwrebap sanly pedagogik tehnologiýalarynyň –  interaktiw, innowasiýa usullarynyň, aragatnaşyk we maglumat gurallarynyň giň gerimde ulanylmagy, türkmen ýaşlarynyň özge dil öwreniş mümkinçiliklerini has ýokarlandyrýar.

 

Mahym ŞYHYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň magistranty.