logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Syýasat /Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy
  22.09.2026
237
Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

 

Onuň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerindäki ileri tutulýan garaýyşlaryna, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň meselelerine aýratyn üns berildi.

 

Şeýle hem bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerine we ikitaraplaýyn dialogyň hem-de halkara meýdançalardaky hyzmatdaşlygyň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn seredildi.

 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we yzygiderli gatnaşyklary saklamaga gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.