logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Dana Pyragynyň döredijiligi ruhy baýlygymyz
  18.04.2023
1215
Dana Pyragynyň döredijiligi ruhy baýlygymyz

Bahasyz baýlygy, gymmatly döredijiligi bize miras goýan dana akyldar Magtymguly Pyragy mähriban halkymyzyň beýik akyldary, ebedi şamçyragydyr. Şahyryň döredijiligi many-mazmun taýdan baý bolup, ol biz ýaşlaryň kalbynda ebedi ýaşaýan, öçmejek pähim-paýhas mekdebidir. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynda uly orny eýeleýän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Akyldar şahyr belent adamkärçilige, halallyga, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, edep-terbiýä ýugrulan ajaýyp goşgulary bilen her bir ynsanyň aňynda orun aldy. Pyragynyň şygyrlarynda milli ruh, mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, päklik, tebigata söýgi, ula hormat goýmak, wepadarlyk, hoşniýetlilik, pähim-parasatlylyk, ýaly häsiýetler eriş-argaç bolup geçýär. Ata Watana bolan beýik söýgini, halkyňa bolan buýsanjy, millilige ýugrulan sagdyn ruhy özünde jemleýän bu gymmatly şygyrlar köňülleriň şamçyragy. Beýik söz ussady öz goşgularynda pelsepewi garaýyşlaryny ýokary çeperçilik bilen beýan edýär, bu bolsa her bir okyjy üçin has-da täsirlidir. Şeýle baý many-mazmunly şygyrlar bolsa ýüreklere ýol salýar, ebedi mukam bolup ýaňlanýar. Pyragynyň aýdyma öwrülen setirleri dabaralarda, her bir öýlerde, belentden owazlanýar. Ol aýdymlarda belent heň, özboluşly joşgun, çuňňur many-mazmun bar. Şahyryň döredijiliginde il-günüň abadançylygy, rahatlygy, asudalygy ýaly asylly hem ýakymly duýgular jemlenendir. Akyldaryň bir-birinden çeper, täsirli, manyly şygyrlary şu günki nesiller üçin beýik mekdepdir, gymmatly ruhy hazynadyr. Çünki beýik söz ussady Magtymguly Pyragy külli türkmen halkynyň parasatly, dana akyldarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaş nesilleri merdana pederlerimiziň, beýik şahsyýetlerimiziň bize miras goýan beýik mekdebi bilen terbiýelemäge, nusgawy edebiýatymyzy içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwletli, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin! 

 

Aýlar AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.