logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Dabaraly geçen çäre
  21.04.2021
709
Dabaraly geçen çäre

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly Türkmenistan döwletimiz goşa baýramyň bosagasynda. Ýagny, behişdi bedewlerimiziň hem-de türkmen alabaýynyň güni uludan bellenilýär. Sarahs etrabynyň Medeniýet öýünde Sarahs etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap birleşmesiniň, Sarahs etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda türkmeniň behişdi bedewiniň we türkmen alabaýynyň güni mynasybetli aýdym - sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Çärä il sylagly ýaşulular we kümüş saçly enelerimiz bilen bir hatarda etrabyň bilim we saglyk ulgamynda zähmet çekýän raýatlarymyz gatnaşdylar. Dabarada etrabynyň Medeniýet öýüniň aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor çykyşlary dabara gatnaşyjylara uly ruhubelentlik paýlady. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, türkmen halkymyzyň milli däp-dessurlaryny wasp edýän çykyşlara giň orun berildi. Watanymyzyň ösüşleri, asuda asmanymyzyň we eşretli zamanamyzyň waspy belentden ýetirildi.