Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatary dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäherimiziň dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň miwesidir.
Aşgabat ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegine, täzeçil, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu usullar ösýän we öz çägini giňeldýän Aşgabatda giňden ulanylýar. Şeýlelikde, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan ägirt uly, täzeçil megataslamanyň — «Aşgabat-sitiniň» durmuşa geçIrilmegine badalga berildi. Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapar. «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabadyň diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap megapolis hem bolmalydygyny belledi. Şoňa görä, bu işleri amala aşyrmaga ýaş, döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenler, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary işjeň çekiler. Munuň özi, birinjiden, ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin kämil hünärmenleri taýýarlamaga ýar- dam etse, ikinjiden, talyp ýaşlaryň bilimlerini, tejribelerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýakyn geljekde paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde «şäher içindäki şäher» taslamasy amala aşyrylyp, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş toplumy emele geler.
Umumy meýdany 744 gektar bolan ägirt uly toplumy “şäheriň içindäki şäher” diýip atlandyrmak bolar. Toplum dürli maksatly binalaryňdyr, desgalaryň 240-dan gowuragyny öz içine alyp, 4 sany çagalar bagy, dört sany orta mekdepleri, medeniýet öýleri hem-de sport toplumlary bina ediler. Mundan başgada toplumda kaşaň, şol sanda has belent ýagny 12-35 gatly ýaşaýyş janyny gurmak meýilleşdirilýär.
Umuman, «Aşgabat-siti» taslamasy döwlet Baştutanymyzyň binagärlik paýhasyndan kemal ta- pan paýtagtymyzyň täze keşbini kemala getirer. Bir söz bilen aýdanyňda, gözel Aşgabadymyz milliligiň hem-de döwrebaplygyň sazlaşygynda täze öwüşgine eýe bolan döredijilik şäheridir.