logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Saglyk /Çişik kökli söwdek - tebigatyň eçilen dermanlyk ösümligi
  25.05.2025
1179
Çişik kökli söwdek - tebigatyň eçilen dermanlyk ösümligi

Türkmen topraklary dermanlyk ösümlikler bilen baýdyr, olardan biri hem çişik kökli söwdekdir. Bu ösümlik aýratynlygy we täsirli derman häsiýetleri bilen halk lukmançylygynyň möhüm bölegine öwrüldi. Çişik kökli söwdek esasan 15-25 santimetr aralygynda boý alýan köpýyllyk otjumak görnüşinde bolup, ýerli çägelerde seýrek duşýar. Ol esasy belentligi 200-300 metr aralygynda, daşly we çägeli topraklarda ösýär.


Ösümlik maý–iýun aýlarynda gülleýär, iýul–awgust aýlarynda bolsa miweleýär. Onuň köki kluben görnüşinde we dikdir, gülbalynyň şekli ýarym aýa meňzeýär. Bu aýratynlyklar ony beýleki söwdeklerden tapawutlandyrýar.


Çişik kökli söwdegiň himiki düzümi baý bolup, dürli dermanlyk maddalary öz içine alýar: triterpenoidler, fenolkarbon turşusy, efir ýaglary, witaminler we alkaloidler. Bu serişdeler ýürek-damar kesellerini bejermekde, dem alyş ýollaryny güýçlendirmekde, öýken sowuklamalary we siňňilleri aýyrmakda ulanylýar. Halk lukmançylygynda söwdegiň ýapraklaryndan taýýarlanan gaýnatmalar köplenç derman hökmünde ulanylýar. Şeýle taýýarlyklar gündelik saglygy goraýşyň wajyp bölegi bolup durýar.


Ýöne çişik kökli söwdegi ulanmazdan öň, hünärmen lukman bilen maslahatlaşmak möhümdir, sebäbi ösümlik käbir ýagdaýlarda zyýanly bolup biler. Türkmenistanyň çägindäki seýrek ösümlikleriň biri bolup, onuň tebigy goragynyň üpjün edilmegi zerurdyr. Şeýle ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek we halk arasynda giňden wagyz etmek milli saglyk ulgamynyň ösüşine has hem goşant goşýar.


Çişik kökli söwdek — tebigatyň bize beren gymmatlylygy, saglygymyzy berkitmegiň ýoly. Onuň peýdaly häsiýetlerinden akylly-başly peýdalanyp, lukmançylykda we durmuşda ulanmak biziň sagdyn durmuşymyzyň möhüm şertidir.
 

Merjen AGADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.