logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eseri esasynda täze spektakl sahnalaşdyryldy
  07.06.2023
759
Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eseri esasynda täze spektakl sahnalaşdyryldy

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eseri esasynda täze spektakly sahnalaşdyrdy. Spektakl 11 görnüşden ybarat bolup, ony zehinli režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy.

Täze sahna eserinde türkmen we gyrgyz halklarynyň taryhy kökleriniň, edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň ýakynlygy tomaşaçynyň spektaklda beýan edilýän wakalaryň jümmüşine çuňňur aralaşmagyna ýardam edýär.

Teatryň döredijilik toparynyň sahnalaşdyran täze sahna oýnunda ata-enäniň, maşgalanyň nesil terbiýesindäki möhüm ornuny açyp görkezmek başardypdyr.