Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦ ✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Tebigat /Çarlz Jenksiň kosmiki oýlanmalar bagy
  16.05.2023
640
Çarlz Jenksiň kosmiki oýlanmalar bagy

Şotlandiýanyň günorta-günbatar böleginiň Damfas şäherinde ýerleşýän kosmiki oýlanmalar bagy dünýädäki iň özboluşly we gyzykly ýerleriň biridir. Bu peýzaž sungatyny iki zehinli adam - meşhur postmodern arhitektory Çarlz Jenks we aýaly, landşaft dizaýnçy Maggi Çeswik döredipdi. Maggi 1988-nji ýylda «Portrack House» mülküni miras alanda, är-aýal hemme zat adamyň dünýä inmegine we ösmegine, ornuna bagyşlanan kiçijik älem bagyny döretmek pikirini orta atdylar. Taslamanyň üstünde işleýärkä, Çarlz fraktal geometriýadan, Hytaýyň bag däp-dessuryny öwrenýän Maggi bolsa seýilgähe sazlaşyk we paýhas getirip, hytaý pelsepesinden ylham aldy. Taslama 1989-njy ýylda tamamlandy. Netijede, 16,2 gektar meýdana bir bag ýaýrady, bu ýerde relýefiň tekiz, tolkunly we egri çyzyklarynyň arasynda, hytaý miniaturasy ýaly, kosmos, älemiň döreýşi we durmuşyň manysy şöhlelendirilýär.
Döwrümiziň iň abraýly binagärlik tankytçylaryndan we teoretiklerinden biri Çarlz Jenks kosmiki Oýlanmalar bagynyň dizaýny, adamyň diňe bir akyly däl, eýsem ähli duýgulary hem ulanyp biljekdigi hakynda oýlandy. Şol bir wagtda özüni dünýäni açan ýaly duýýardy. Galyberse-de, bu ýerde hemme zat älemi janlandyrýar, üstesine-de, bag formulalar, teoriýalar bilen doldurylýar. Dürli ylmy açyşlaryň we üstünlikleriň nyşanlaryny bagyň her burçunda yzarlap bolýar. Bagyň daşky görnüşi dürli geometrik şekilli suw howdanlary, adaty bolmadyk zümrüd depeleri, jülgeler we çylşyrymly ylmy pikirleri görkezýän geň heýkeltaraş kompozisiýalary bilen doldurylan bäş ýerden ybarat.
Seýilgähde geň alýumin gül düşekleri görnüşindäki gara deşikler, Fibonacci yzygiderliliginiň şekilleri, ewolýusiýa ösüşleri we fraktallar ýaly dürli ylmy hadysalary görüp bilersiňiz. Mundan başga-da, seýilgähde DNK zynjyryny, galaktikalaryň görnüşini we hatda atmosfera hadysalaryny görkezýän köp sanly spiral bar. Metal heýkeller bagyň tebigy landşaftyna zehinli metal ussasy Smit Jon Gibson tarapyndan organiki taýdan birleşdirildi. Ewolýusiýa ösüşiniň nyşany hökmünde basgançaklar seýilgähde dürli üýtgeşik görnüşlerde görkezilýär. 25 aralykdan ybarat iň uly basgançak, älemiň ösüşiniň yzygiderliligini we döwürleýinligini öz içine alýar. Aralyklaryň her biri belli bir ewolýusiýa tapgyryny görkezýär. Zigzag basgançak, depeden aşak inip, älemiň esasy çeşmesi bolan ilkinji bulam-bujarlygy alamatlandyrýan howuzda gutarýar. Basgançaklaryň ägirt uly aralyklaryndan ýöräp, iň ýönekeýden beýiklige çenli durmuş görnüşlerini şekillendirýän suratlary görüp bilersiňiz.
Gynansagam, Jenksyň aýaly Meggi 1995-nji ýylda aradan çykdy, ýöne bag ösüşini ösüşini togtatmazdan, ýylsaýyn ösýär. Kosmiki oýlanmalar bagy şeýle bir üýtgeşik we ylham beriji welin, hatda Boston simfoniki orkestri we Tanglewud aýdym-saz merkezi üçin Maýkl Gandolfiniň döreden simfoniki kompozisiýasyny hem öz içine alýar. 2009-njy ýylda bu eser «Gremmi» baýragynda «Iň oňat häzirki zaman nusgawy kompozisiýa» adyna dalaşgär görkezildi. Bu bag hususy eýeçilige degişli bolansoň, ýylda bir gün gelýänlere gapylaryny açýar. Bagtly bolsaňyz, syýahaty Jenksyň özi alyp barar, emma bu ýagdaý gaty seýrek bolýar. Ähli girdeji alymyň aýaly Maggie Keswigiň haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanýar.  

 

Aýgül HALLYÝEWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.