Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Bütindünýä suw gözegçiligi güni
  17.09.2022
641
Bütindünýä suw gözegçiligi güni

Suw iň gymmatly tebigy baýlyk. Ýer ýüzündäki ýaşaýyş suwsuz mümkin däl. Suw dürli janly-jandarlaryň ýaşaýan ýeri bolup durýar. Tebigatdaky suwuň kömegi bilen maddalar toprakdan ösümliklere, gury ýerden derýalara, köllere we ummanlara, atmosferadan gury ýere geçirilýär. Suwuň tebigatda ähmiýeti käwagt ganyň janly organizmdäki orny bilen deňeşdirilýär. Suw planetada iň köp ýaýran madda, ýer ýüzüniň 70%-den gowragyny tutýar we diňe 30% -i gury ýer. Şäherleriň ösmegi, senagatyň çalt ösmegi, oba hojalygynyň ösdürilmegi, suwarymly ýerleriň giňelmegi, medeni we ýaşaýyş şertleriniň gowulaşmagy we başga-da birnäçe faktorlar suw üpjünçiligi meselesini hasam kynlaşdyrýar.


Arassa süýji suwuň ýetmezçiligi dünýäde esasy mesele bolup durýar. Bu meseläni çözmek üçin dünýädäki alymlar dürli serişdeleri gözlemeli bolýarlar. Çäreleriň biri suw çeşmelerine gözegçilik etmekdir. 2003-nji ýyldan bäri her ýyl 18-nji sentýabrda Bütindünýä suwuň monitoring güni ýa-da Bütindünýä suwuň hiline gözegçilik güni bellenilip geçilýär. Amerikanyň Arassa Suw Gaznasynyň başlangyjy bilen döredilen bu daşky gurşaw baýramçylygy, häzirki wagtda planetanyň suw baýlyklarynyň meseleleri barada halkyň habardarlygyny ýokarlandyrmaga we hapalanmakdan goramaga gatnaşmaga gönükdirilen maglumat we bilim maksatnamasyna öwrüldi. Bu maksatnama, ýerli suw desgalarynyň ýagdaýyna esasy gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär we Suw gurşawy federasiýasy (Water Environment Federation, WEF) we Halkara suw birleşigi (International Water Association, IWA) tarapyndan goldanýar.


Bütindünýä suw gözegçilik gününi bellemek üçin ýylsaýyn köp ýurtlar gatnaşýar. Bu güni adam ömri we janly organizmler üçin gerek bolan suwuň hiline we howpsuzlygyna baha bermek üçin planetamyzyň dürli suw desgalarynda suw nusgalary alynýar. Suwsuz ýaşaýyş bolmazdy. Suwuň hiline bildirilýän talaplar adamlary bakteriýalardan we wiruslardan goramaga mümkinçilik berýär, şonuň üçin öz saglygy we uzak ömri hakda oýlanýan planetanyň her bir ýaşaýjysy üçin suwuň hiline üns bermek möhüm meseleleriň biri bolup durýar.


Şeýle hem Bütindünýä suw gözegçilik gününde dünýäniň iň arassa suw desgalary barada aýdasym gelýär. Mysal üçin, Baýkal köli Russiýanyň gündogar Sibiriniň günorta böleginde ýerleşýän tektoniki köl. Bu, ýer ýüzündäki iň çuň köl we süýji suwuň iň uly tebigy suw howdanydyr, örän dury - käbir möwsümlerde durulygy 40 metre ýetýär. Şeýle hem dünýäniň iň arassa suw howdanlarynyň arasynda Hytaýyň Bäş gül köli hem bar. Içindäki suw şeýle bir dury welin, düýbünde ýykylan agaçlaryň şahalaryny hem görüp bolýar. Möwsüme baglylykda üýtgeýän belli bir reňk, suw mineral duzlar we suw ösümlikleri sebäpli gazanylýar. Şeýle hem Kanadadaky Peýto kölüniň arassalygyna we gözelligine üns berýärler. Banff milli seýilgähinde ýerleşýär we buzluk bilen iýmitlenýär.
 

 

Umida ABDYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallymy.