logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Buharest şäherinde geçirilen halkara sport ýaryşynda türkmen pälwanlary uly üstünlik gazandylar
  26.08.2023
699
Buharest şäherinde geçirilen halkara sport ýaryşynda türkmen pälwanlary uly üstünlik gazandylar

Rumyniýanyň Buharest şäherinden gelip gowşan hoş habarda erkin we grek-rim göreşleri boýunça «Ion Kornianu we Lidaslau Simon» atly halkara ýaryşynda türkmen pälwanlarynyň gazanan netijeleri buşlanylýar. Ýaryşa gatnaşan türkmen ýygyndysyna türgenleriň 14-si wekilçilik etdi.

 


    Ildeşlerimiziň ikisi ýygyndy toparymyza erkin göreş boýunça altyn we kümüş medal getirdi. 92 kilogram agram derejesinde çykyş eden milli ýygyndy toparymyzyň türgeni, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Döwletmyrat Orazgylyjow ýaryşyň ýeňijisi boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gurbanmyrat Öwezberdiýew bolsa 79 kg-de göreş düşekçesine çykdy. Zehinli pälwan ýaryşyň kümüş medalyny eýeledi.