logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Bu ruhy baýlygyň çeşmesi kitap
  07.04.2023
1389
Bu ruhy baýlygyň çeşmesi kitap

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň  «Kitap okan gullar manydan dokdur» diýip belleýşi ýaly adam ruhy taýdan özüni gandyrmak, doýurmak üçin kitap bilen, döredijilik bilen, edebiýat bilen arasy gowy bolmaly. Kitap ynsan ömrüne many çaýýar, külli adamzadyň dünýä sygmaýan paýhasyny kiçijik dörtburçlyga salyp elimize tutdurýar. Hakykatdanda, pähim-paýhasy özünde jemleýän ajaýyp kitaplar bu günki gün ruhy hazynamyza öwrüldi. Bu kitaplary okanyňda hakyky durmuş wakalary göz öňüňde janlanyp seriň durlanýar. Has dogrusy kalbyňda ylham joşguny şineläp başlaýar.

Magtymguly Pyragynyň: 

Alymlara uýsaň açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.
 

- diýip, belläp geçişi ýaly Milli Liderimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hem kitaplary biziň durmuşymyzda terbiýe mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp kitaplary dürdäne setirleri özünde jemleýän pähim sandygydyr, ynsan durmuşynyň mugallymydyr.

Taryhy maglumatlara, ylmy seljermelere ser salsak hem ylym-bilime, paýhas-parasada, akyl-danalyga teşnelik türkmeniň ganyna, aňyna, on iki süňňüne siňendigine göz ýetirýäris. Bir akyldar «Ogulsyz öý, bilimsiz kelle boşlukdyr» diýip belleýär. Bilim almak, kitap okamak hiç haçanam giç däldir, emma ýaşlykda öwrenilen ylym-bilim adamyň aňynda has berk ornaýar. Ynha biziň bilim ojagymyzda hem baý kitaphanamyz hereket edip mekdebimiziň mugallymlarydyr, talyplary bu kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanýar. Täze neşir edilen kitaplaryň kitaphanamyza getirilmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan mukaddeslik saýylýan kitaplary miras galdyran alymlaryň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň Watany. Ähli döwürlerde hem türkmen halkynyň alymlarynyň at owazasy daglar aşypdyr. Beýik ýüpek ýolunyň ugrundan gatnan kerwenler bilen dünýäniň çar künjünden mertebeli alymlar, ýazyjylar türkmen topragyna gelipdir. Olar bu ýerde ýerleşen baý kitaphanaly medreselerde okap türkmen alymlaryna şägirt durupdyrlar. Bu bolsa türkmen halkynyň ylym-bilime, kitaba ýokary derejede hormat goýandygyny görkezýär. 

 

Merdan BABAMURADOW,  

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.