logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /BMG-de Halkara Nowruz güni bellenildi
  21.03.2024
568
BMG-de Halkara Nowruz güni bellenildi

Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartiasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

 

 

Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Yrak, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan hem-de Özbegistan ýaly döwletleriň başlangyjy bilen Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaraly çäre guraldy. Bu dabaraly çärä Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, EKOSOS-niň ýolbaşçysy, Ilçiler, agza döwletleriň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilleri gatnaşdy.

 

 

Dabarada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş bahar paslynyň ilkinji güni bolan Täze ýyl baýramçylygyny belleýän döwletleri bu baýramçylyk bilen mähirli gutlap, bu günüň millionlarça adamyň maşgala agzalary we dost-doganlary bilen bir ýere jemlenip, geçmiş hakynda pikirlenip, bagtly geljek barada arzuw edýän pursatlarydygyny belläp geçdi.

 

 

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa gatnaşyjylara ýüzlenip, Nowruzyň köp halkyň özboluşly, owadan däp-dessurlaryny, gymmatly häsiýetlerini görkezýän ajaýyp baýramçylykdygyny belledi. Ilçi türkmen halky üçin bu baýramyň baharyň täzelenmeginiň, tebigatyň janlanmagynyň, hasyllylygyň we asuda durmuşyň nyşanydygyny mälim etdi. Çykyşlarda Nowruz baýramynyň halklaryň arasyndaky dostluk, ynam we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmekde, şeýle-de, halkara derejesinde parahatçylyk we raýdaşlygy berkitmekdäki orny barada aýratyn nygtaldy.

 

 

Kemal WELMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.