logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Culture /BMG - 2025-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýyly» diýip yglan etdi
  23.03.2024
545
BMG - 2025-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýyly» diýip yglan etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibi biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, 86 döwlet bu karara awtordaş hökmünde çykyş etdi.  

 

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň habar berişi ýaly, resminama BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini, ilkinji nobatda bolsa jedelleri parahatçylykly ýollar hem-de usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary görkezýär.

 

Şeýle hem bu Rezolýusiýa ÝUNESKO-nyň hem-de BMG-niň Syýasy we parahatçylygy ýola goýmak meseleleri boýunça departamentiniň guramaçylyk meseleleri bilen, halkara derejesindäki ýyl üçin Maksatlaýyn gazna meýletin goşantlary çekmegiň mehanizmini özünde jemleýär.

 

Bu başlangyç halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek hem-de höweslendirmek ugurlaryna, parahatçylykly ýaşamagyň we konstruktiw dawalary çözmegiň möhümdigi boýunça habarlylygy ýokarlandyrmagy gazanmaga gönükdirilendir.

 

Rezolýusiýanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak hem-de goldamak islegini tassyklaýar, şeýle-de bu maksada ýetmek üçin köpçülikleýin hyzmatdaşlyga çagyrýar.

 

Hekim BERDİMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.