Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk – göwünleriň ganaty
  08.11.2022
465
Bitaraplyk – göwünleriň ganaty

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz gözümiziň alnynda ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Ata Watanymyzda parahatçylyk, asudalyk, abadanlyk höküm sürýär. Döwrebap şertlerde zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämillige ýetmäge ähli şertler üpjün edilýär. Şeýle bolansoň, halkymyz durmuş eşretleriniň hözirini görüp bagtyýarlykda ýaşaýar. Bu ajaýyp mümkinçiliklerdir şertler, amatlyklar ç taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

Dana pederlerimizden miras galan ýörelgelerde hem tekrarlanylyşy ýaly, halkymyz il-günüň abatlygynyň, dünýäniň parahatlygynyň gadyr-gymmatyny dünýe baýlygyndan ileri tutupdyr. Şu mukaddes ýol-ýörelge, asylly düşünje Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýar. Hut şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan we ileri tutulan ugurlaryň biri bolup, ol ähli halklaryň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ilerlemeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Şanly ösüşleriň başlangyjy hökmünde şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Kararnama kabul edildi. 2015-nji ýylda-da BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ikinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň kabul edilmegi parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň döwletimiziň baky Bitaraplygynyň özeni bolup durýandygyny bütin dünýä äşgär etdi. BMG tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk döwlet Türkmenistandyr. Bu türkmen halkymyz üçin buýsandyryjy hakykatdyr.

Goý, asylly başlangyçlary we beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Serdar ATAJANOW,

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk
institutynyň talyby.