logo

Latest news:
✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦
Home / Nature /Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir
  04.06.2025
805
Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir

Tebigat — adamzadyň ýaşaýşynyň, ösmeginiň we ösüşiniň möhüm binýady bolup durýar. Adamyň gündelik durmuşynda peýdalanýan ähli serişdeleriň — iýmitden başlap, ýaşaýyş jaýyna, geýim-gejime çenli ähli zatlaryň gözbaşynda tebigat durýar. Şonuň üçin tebigaty goramak diňe bir ekologik zerurlyk bolman, eýsem durmuş taýdan hem möhüm wezipe bolup çykyş edýär.


Türkmenistan geografik taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşýär we bu sebitde gurak hem-de kontinental howa şertleri ýurdumyzyň tebigy giňişliginde biologic dürlüligiň dürli görnüşleriniň ösmegine mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde takmynan 20 müňe golaý biologik görnüş hasaba alnyp, olaryň 7 müňden gowragy ösümlik görnüşleri, 13 müňe golaýy bolsa dürli kategoriýaly haýwan görnüşleridir. Bu sanlar diňe bir Türkmenistanyň baý tebigy genofondunyň mysaly bolman, eýsem sebit derejesinde ekologik deňagramlylygyň hem möhüm bölegidir.


Garagum çölüniň giňişliklerinde geçmişde giňden ýaýran keýikleriň, saýgaklaryň we gulanlaryň häzirki wagtda diňe seýrek duş gelýändigi — adamyň tebigata edýän basyşynyň aýdyň mysalydyr. Şeýle ýagdaýlaryň döremegine görnüşleriň ýaşamak giňişliginiň ýok edilmegi, gadagan awçylyk, introduksiýa edilen görnüşleriň basyşy we başgada birnäçe ýagdaýlar sebäp bolýar.


Bu meseleleri gözegçilikde saklamak üçin döredilen Türkmenistanyň Gyzyl kitaby we ylmy taýdan esaslandyrylan resminamalar bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň möhüm bölegidir. Gyzyl kitabyň birnäçe neşirinde howp astyndaky ösümlik we haýwan görnüşleriniň takyk we doly ylmy maglumatlary beýan edilýär. 2011-nji ýylda neşir edilen soňky görnüşinde 115 ösümlik görnüşi we 149 haýwan görnüşi hasaba alnypdyr. Bu maglumatlar diňe bir gorag däl, eýsem ylmy gözlegleriň esasly çeşmesi hökmünde hem hyzmat edýär.


Şeýlelikde, tebigaty goramak diňe bir döwlet syýasaty bilen çäklenmän, jemgyýetiň her bir agzasynyň şahsy jogapkärçiligine öwrülmelidir. Biologik dürlüligiň saklanylmagy adamzadyň geljegini, sagdyn ekoulgamy we ykdysady durnuklylygy üpjün edýän esasy şerti bolup durýar. Her bir ädimde tebigata hormat goýmak, onuň köpdürlüligini goramak bilen biz diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bähbidine hyzmat edýäris.


Şemşat BÖRIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.