Täze taryhy eýýamda kämil innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi döwrümizi hem göwünleri galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň binýadydygyny belleýär, ylmy gazanylanlary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp, ykdysady, syýasy, medeni, bilim kuwwatymyzy artdyryp, eziz Watanymyzy okgunly ösüş ýoly bilen öňe alyp gitmek, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, täzeçe pikir edýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki Türkmenistanda amala aşyrylýan bilim syýasatynyň esasy maksady bilimiň hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekden, ýurdumyzyň her bir raýatynyň özüniň ukybyny we zehinini doly ýüze çykaryp bilmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň, orta we ýörite okuw mekdepleriniň binalarynyň gurluşygy dowam edýär. Bilim edaralarynyň okuw-gollanma üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny çap etmek boýunça uly işler geçirilýär. Bu diňe bir ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin okuw binýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin esasdyr. Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy irki döwürde çagalaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge, geljek ýyllarda çagalardan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli mugallymçylygyň baý tejribesine daýanyp, olary göwnejaý terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak baradaky wezipeler ýurdumyzda himiýany, biologiýany we beýleki sapaklary çuňňur öwrenmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek baradaky çözgüt bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädim boldy. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hem-de innowasion ulgamynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, döwletimiziň, ylmyň hem-de işewürligiň netijeli gatnaşyklary bilen bagly wezipeleri çözmäge bu ulgam uly ýardam edýär. Nusgawy bilimiň hem-de geljegiň IT-tehnologiýalarynyň däplerini birleşdiren bilim ojaklarynda ýurdumyzyň ykdysady, bilim, senagat kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ugurlar we hünärler hereket edýär. Şeýle-de bu ulgamda halkara gatnaşyklary ep-esli işjeňleşdirmek baradaky başlangyçlar bilimiň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Munuň özi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki döwürde we geljegine ygtybarly ynsanperwerlik köprüsidir. Häzirki döwürde raýatlarymyzyň alan döwrebap bilimleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda iş ýüzünde ulanylýar. Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Şeýle möhüm çäreler Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ösüşine kuwwatly itergi bermek, ýurdumyzy ösüşiň täze belent sepgitlerine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň üstünlige beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Azada RAŞIDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.