Ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ylym-bilimiň iň täze gazananlarynyň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Esasan hem ynsanperwer ugurlarda, ylym-bilimde halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Bu günki günde türkmen ýaşlary halkara derejesinde geçirilýän ylym-bilim çärelerine, bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar hem-de özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Netijede, şeýle halkara ýaryşlarynda, bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim bilen baglanyşykly bäsleşikleriň, maslahatlaryň ýurdumyzda hem yzygider geçirilýändigini belläsimiz gelýär.
Arkadagly Serdarymyz şeýle belleýär: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň ugurlaryny, netijelerini görmek bolýar. Bu bolsa ýaş nesilleriň kämilligidir, ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň rowaçlygydyr.
Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine oňat ýardam berýär. Şeýle hem sanly ulgam, döwrebap tehnologiýalar okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gurbanjemal ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.