logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Politics /«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi çapdan çykdy
  03.11.2022
746
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi çapdan çykdy

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi çapdan çykdy. Täze neşir ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda ýurdumyzyň gazanan giň gerimli üstünliklerine bagyşlanypdyr.

Kitapda jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmegiň, milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özgertmegiň, halkara giňişlikde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meseleleri toplumlaýyn beýan edilýär.

Ýyl ýazgylarynyň nobatdaky goýberilişinde döwletimiziň iň täze taryhy, ýurdumyzyň syýasy we ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek, halkyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak, ylym-bilim we medeni ösüşi ýokary derejä çykarmak maksady bilen, türkmen jemgyýetiniň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilip kabul edilen kanunlar, gol çekilen permanlar, kararlar, buýruklar hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi materiallary esasynda, gysgaça maglumatlar berilýär.

Neşirde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlara amala aşyran iş saparlary, daşary döwletleriň Baştutanlary, jemgyýetçilik-syýasy işgärler bilen halkara derejede geçiren duşuşyklary barada maglumatlar beýan edilýär.

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy.  Neşir ynsanperwer ylymlar bilen meşgullanýan alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriň mugallymlary, talyplar, jemgyýetçilik-syýasy işgärler üçin gollanma bolup hyzmat eder. 

 

«Türkmenistan: Altyn asyr»