Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Beýik Garaşsyzlygymyzyň goýnunda ýaşlar bagtyýar!
  21.09.2022
523
Beýik Garaşsyzlygymyzyň goýnunda ýaşlar bagtyýar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Şeýle dabaraly toýlarymyzyň durmuşymyza öwüşgin çaýýan döwründe Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz bagta gujak açýan ak ýollarda ynamly gadamlar bilen öňe barýar, ata Watanymyzyň halkara jemgyýetçiligindäki at-abraýy barha ýokarlanýar. Ýurt ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda oňyn netijeler gazanylyp, ýaşaýyş joşa gelýär, durmuş gözelleşýär. Ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler öz gözbaşyny beýik Garaşsyzlygymyzdan alýar. Garaşsyzlygymyzyň goýnunda gazanylýan her bir özgertmeler bagtyýar zamanamyzyň ýaraşygy bolup, kalplara dolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek babatdaky işleriň gerimi has-da giňeýär. ählimize mälim bolşy ýaly, ajaýyp güýzüň ilkinji güni gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Bu möhüm waka biz ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursat bolup, ol ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýaşlaryň ornuny has-da çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek, Hormatly Prezidentimiziň gol çekmeginde bu Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň durmuşynda orun alan ýatdan çykmajak pursatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara “Watan” diýen belent düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji deýin goramagy, ýürekden söýmegi terbiýelemek babatda möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmelidigi dogrusynda aýratyn belläp geçdi. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, bagtyýar geljegidir.


Älem-jahana ýaň salýan beýik işleriň kemal tapýan, ähli arzuwlaryň wysal bolýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe möhüm wakalaryň, beýik başlangyçlaryň durmuşymyza nur çaýmagy biziň şu mukaddes Watanda ýaşaýandygymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Sebäbi Arkadagly Serdarymyzyň beýik maksatlarynyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar ýaşlar uly bagta eýe boldy. Bu bagt – eziz Watanymyza, merdana halkymyza guwanyp, söýüp ýaşamakdyr. Çünki her bir yhlasly çekilen zähmet, kämil ylym-bilim Watanymyzyň ösüşine kepildir, Türkmenistan diýarymyza abraýdyr, şandyr. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň: “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen belent ynamyna jogap edip, biz, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, Watanymyzyň parahat söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde, zehinli ýaşlary kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanyp yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.


Täze döwrüň täzeçil wezipelerini ýaşlaryň durmuşy bilen berk baglanyşdyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Alyp barýan beýik tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!



Nury ATAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.