logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Beýik Britanýada Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bilen tanyşyldy
  28.02.2024
591
Beýik Britanýada Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bilen tanyşyldy

Türkmenistanyň Beýik Britanýanyň  we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi “British Library” kitaphanasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşugyň esasy maksady bolsa “British Library” kitaphanasynda saklanýan Magtymguly Pyragynyň  golýazmalarynyň asyl nusgasyndan ybarat boldy.

 

 

Atavatan-turkmenistan.com  habar saýtynyň bellemegine görä,  türkmen diplomat Ý.Serýaýew kitaphanyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiel  Hopkins bilen duşuşyp,   Magtymguly Pyragynyň  golýazmalarynyň asyl nusgasynyň göçürmeleri  bilen tanyş boldy. Duşuşygyň barşynda Ý.Sarýaýew  Türkmenistandan wekiliýetiň Beýik Britanýa gelip, akyldar şahyryň golýazmalarynyň nusgalasy bilen içgin tanyşmak mümkinçiklerini we Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlanyp düşüriljek dokumental filmde “British Library” kitaphanasynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy boýunça meseleler aralyp maslahatlaşdylar.

 

 

Belläp geçsek, “British Library” kitaphanasy – 1973-nji  ýylda düýbi tutulyp, 170-200 million töweregi kitaplaryň, žurnallaryň, we beýleki neşirleri özünde saklamaga mümkinçiligi bolan halkara kitaphanadyr. Beýik Britanýanyň milli kitphanasy bolan “British Library” häzirki wagtda özüniň  elektron hyzmatyny, ýagny neşir çeşmelerini online görnüşinde hem peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

 

Baýramgül ABDLNEBIÝEWA,
Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň
uly mugallymy.