Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /BEHIŞDI BEDEWLER WE TÜRKMEN ALABAÝLARY HALKYMYZYŇ KÖPASYRLYK BAÝLYGYDYR
  31.05.2022
1377
BEHIŞDI BEDEWLER WE TÜRKMEN ALABAÝLARY HALKYMYZYŇ KÖPASYRLYK BAÝLYGYDYR

Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaý düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam etdirilip, täze ösüşlere eýe boldy.Türkmen alabaýy häsiýetli aýratynlyklary bilen birnäçe müňýyllyklara barabar döwrüň synagyndan geçmegi başardy. Ine, bu gün hem durmuş ýolunda türkmeniň hemrasy bolan alabaýlar täze döwre gadam basýar, tohum itleri ösdürmegiň gadymy däpleri bolsa ylmyň we seçgiçiligiň öňdebaryjy gazananlaryny, tehnologik işleri ulanmak bilen, häzirki zaman görnüşinde mynasyp dowam etdirilýär. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy – türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlaryndan biri hasaplanýar, onuň ýaşy takmynan 3 müňden 6 müň ýyla çenlidir. Daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkisinden üýtgemän, asyl görnüşinde şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň şertidir.
    «At – myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim – gutum» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymlygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar we häzirki döwürde has-da ýaşlarda türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrýar.
     Alabaýlar ýeňşe bolan erki, beden we ruhy güýji, mähirliligi bilen tapawutlanýarlar. Türkmenler bedewi arzuwy, alabaýlary bolsa bagty hasaplapdyr. 
Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany barha artýar. Bu ägirt uly gyzyklanmany nazara almak bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy we onuň neşir edýän ýöriteleşdirilen žurnaly itleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça hünärmenleri birleşdirmäge, alymlary hem-de muşdaklary meşhur alabaýyň taryhy watanynda jemlemäge ýardam eder.

Durdyýew Döwlet 
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy