logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Behişdi bedewler – milli buýsanjymyz
  02.05.2023
1026
Behişdi bedewler – milli buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan behişdi bedewlerimize bolan sarpa, buýsan hem guwanç artýar. Ýelden ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy, çydamlylygy bilen dünýä belli bolan ahalteke bedewlerimiz şöhrat-şanymyzdyr. Türkmen bedewlerine eziz halkymyzyň goýýan gadyr-gymmaty diýseň belentdir. Eýýamlaryň hem ençeme asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ýyndam ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgesini döredipdir we bu ýörelge şu güne çenli gelip ýetipdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler ussat atşynaslarymyz, seýislerimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär we baýlaşdyrylýar. Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan çäksiz söýgüsi nusgawy edebiýatymyza, şahyrlarymyzyň goşgudyr şygyrlarynda, atalar sözüdir nakyllarda, milli äheňdäki eserlerde öz beýanyny tapýar. «At agynan ýerde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar», «Ir turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At — ýigidiň ýoldaşy» ýaly çuň many-mazmunly jümleler muny aýdyň äşgär edýär.

Gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedewlerimize tutuş dünýä ýüzünde uly baha berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy, belent sarpasy uly ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzyň gözel künjeklerinde atçylyk sport toplumlary yzygider gurlup ulanylmaga berildi. Ýylyň-ýylyna uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenip geçýän ýyndam bedewlerimiziň milli baýramy bu ýyl hem uly joşguna beslendi. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepada bar, sapada» atly ajaýyp eserleri şeýle ajaýyp zamanamyzda behişdi bedewlerimize goýulýan bimöçber sarpadan aýdyň nyşandyr. Bu ajaýyp eserler aýratyn hem ýaş nesiller üçin gymmatly gollanmadyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamakda we dünýä ýaýmakda uly tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyga beslensin! 

 

Äkbär KARIMBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.