logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bedewler taryhyň gatlarynda
  02.10.2026
218
Bedewler taryhyň gatlarynda

Irki eýýamlar baradaky maglumatlar bilen tanşanyňda hem, ýurdumyzyň günorta ýerlerinde atlary eldekileşdirmek we şol owadan jandar bilen baglanyşykly dini ynançlaryň, sungat eserleriniň döreýşi baradaky taryhy çeşmelere, arheologiýa ylmynyň açyşlaryna gabat gelinýär. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde eýýäm mis, daş asyrlaryndaky atçylyk sungatyna degişli bolan heýkeljikleriň tapylmagy bu jandar bilen halkymyzyň bagrynyň badaşandygyny tassyklaýar.

 

Güneşli Türkmenistanda ençeme ýyllap iş alyp baran meşhur arheolog Wiktor Sarianidi Gadymy Marguş topragynda bürünç döwrüne degişli bolan atyň şekilini tapdy. Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde jaýlanan atyň we taýçanagyň ystyhanlarynyň tapylmagy gadymy eýýamlarda hem halkymyzyň öz atyna uly hormat bilen garandygyny görkezýär. Gadymy Gresiýanyň, Rimiň taryhçylary Gerodot, Strabon massagetleriň we parfiýalylaryň atçylyk sungatyna üns beripdirler. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Parfiýanyň kümüş teňňeleri tapylýar. Olaryň bir tarapynda patyşanyň ýüz keşbi, beýleki tarapynda bolsa ganatly atyň, pegasyň şekili zikgelenipdir.

 

Miladynyň II asyrynda Parfiýa gelen Hytaýyň ilçisi Çžan Sýany ýurduň serhedinde 20 müň atly goşun hormat bilen garşylapdyr. Parfiýanyň atly esgerleriniň ussatlyk bilen görkezen hereketleri ýokary derejeli myhmanlary haýran galdyrypdyr. Hytaýyň ilçisi: «Rowaýatlarda ady agzalýan «asman atlarynyň» watanyna geldim» diýip, öz kitabynda belläp geçipdir.

 

1950-nji ýylda Yzgant obasynyň golaýynda Parfiýa döwrüne degişli bolan toýundan ýasalan möhür tapylýar. Iki taraply tegelek möhüriň bir tarapynda ahalteke atynyň şekili suratlandyrylypdyr. Tapylan möhüriň ýüzündäki atyň şekili Gadymy Horezmiň möhürlerinde, teňňelerinde we gap-çanaklarynda çekilen bedewleriň keşbine gabat gelýär. Bu taryhy maglumatlar biziň ýurdumyzyň gadymdan dünýäde şöhratly atlaryň mekanydygyny tassyk edýär.

 

Aýnur  EREŞOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen

döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika

fakultetiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe

hünäriniň talyby.