logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /Bedew atyň şanyna
  25.04.2022
1054
Bedew atyň şanyna

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewleri milletimiziň buýsanjyna, egsilmez guwanjyna öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bedew baýramyna bagyşlanan dürli çärelerdir, at çapyşyklary guralýar. Şeýle çäreleriň biride Tejen etrabynyň "Agalaň" oba medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň, hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda "At – türkmeniň myrady" ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasyna ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalary, bilim işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabarada etrap medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalary, tans toparlary, çeper höwesjeňleri özleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda bedewe şeýle belent sarpa goýulýan ýurdumyzda gamyşgulak ahalteke atynyň – gözellikde deňi-taýy bolmadyk, ynsan ýaly duýgur türkmen bedewiniň waspy ýetirildi. Çagalar sungat mekdebiniň çagalarynyň ýerine ýetiren „Bedew“ tansy hem-de deprekçiler toparynyň ýerine ýetiren sazlary hasam täsirli boldy. Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabarany görmek üçin bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmeniň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryny 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni.