Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦ ✦ Ýaş talyplaryň döredijiliginde türkmen bedewiniň waspy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Baýramgül Amangeldiýewa - «Oktýabr» saz festiwalynyň çäginde
  27.10.2023
211
Baýramgül Amangeldiýewa - «Oktýabr» saz festiwalynyň çäginde

Ýaňy-ýakynda biziň okuw jaýymyzda geçirilýän «Oktýabr» saz festiwaly atly zehinli ýaş sazanda mugallymdyr talyplaryň arasynda geçirilýän konsertleriň biri boldy.

 

 

Çarşenbe güni, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň öwreniji mugallymy Baýramgül Amangeldiýewanyň kanun saz guraly arkaly ýekelikdäki konserti uly şatlyk-şowhuna, ýatdan çykmajak wakadyr saz pursatlaryna beslendi.

 

 

Konsertde birnäçe halk we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy sazlary ýaňlandy. Konsertiň başynda Baýramgül mugallym rus kompozitory bolan M.I.Glinkanyň “Torgaý” («Жаворонок») atly eserini we ussat skripkaçy kompozitor N.Paganininiň «24-nji kaprizini» ýerine ýetirdi. Bu saz guralda mugallym başgada birnäçe uly göwrümli eserleri çaldy. Ýagny, onuň ýerine ýetirmeginde A.Byzow «Şa şil», Fikret Amirow we Elmira Nazarowanyň fortepiano we orkestr üçin arap temalaryna konsertiniň 3-nji bölümi, hem-de W,Gorodowskaýanyň «Iki rus halk aýdymyna fantaziýa» atly eserlerini öwreniji mugallym Amannazar Arslanowyň fortepianoda sazandarlyk etmeginde ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu bolsa tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

 

 

Konsertiň jemleýji eseri bolan A. Bazzininiň «Rondo» eseri bilen öwreniji mugallym kanun saz guralynda ýerine ýetirmeginde ýekelikdäki konserdini örän üstünlikli we şowhunly çykyş etdi. Konserti başdan soňuna çenli onuň okuwçysy, Halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Güljemal Taýlyýewa bilen alyp bardy.

 

 

Men hem öz gezegimde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Baýramgül Amangeldiýewa şular ýaly konsert çykyşlarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etmek bilen, onuň mugallymçylyk kärinde mundan beýläk uly üstünlikleri, şowlulyk arzuw edýän.

 

 

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi we sungatymyzy gülläp ösdürmekde, şular ýaly zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly tagallalary edýärler.

Osman Sapargeldiýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Halk sazy
» fakultetiniň III ýyl talyby.