Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Baýramçylyk sowgady
  21.09.2021
437
Baýramçylyk sowgady

Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.

Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy.

Bu toplum kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar. Onuň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.

Bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar. Bezeglerde ulanylan milli öwüşginler hem-de hyzmat ediş zolagy bu desgalaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.

Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Münberiň öňünde granit daşy bilen örtülen meýdança ýerleşýär. Onda dabaraly harby ýörişler hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde hem ahalteke bedewleri ähli milli baýramçylyklaryň bezegidir. Bedewler türkmenleriň wepaly ýoldaşyna, Watanymyzyň taryhynyň we iň täze eýýamyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Munuň özi täze Döwlet münberiniň toplumynyň taslamasynda hem göz öňünde tutulypdyr.

Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy. Mundan başga-da, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar guruldy.

Şu ýyl esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenen ak mermerli paýtagtymyz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirki ajaýyp gününi we nurana geljegini alamatlandyrýar. Seýilgählere hem-de seýilbaglara, Günüň nuruna öwşün atýan altyn gümmezli köşklere, köp sanly suw çüwdürimlerine beslenen şäher täsin we döwrebap binalaryň hem-de desgalaryň toplumlary bilen haýran galdyrýar. Şolaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu ulgamda innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagy milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarydyr. Bularyň ählisi türkmen paýtagtynyň okgunly ösüşini, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini, olaryň döredijilikli zähmet çekmegini, ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklaryny hem-de göwnejaý dynç almaklaryny üpjün edýär.

Ine, indi 30 ýylyň dowamynda mähriban halkymyz özbaşdak ýagty geljegini gurýar, tutanýerli zähmet çekip, eziz Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürýär. Mähriban topragymyzda öňden gelýän däp-dessurlara we mirasa sarpa goýulýar. Halkymyz şu günüň gazananlaryna buýsanýar hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi, onuň halkara giňişlikdäki abraýy barha artýar. Milli Liderimiziň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Şeýle giň müminçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!