logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Bahar pasly baýramlaryň paslydyr
  23.03.2024
2202
Bahar pasly baýramlaryň paslydyr

Bahar gelip, ýere ýyly girmegi bilen daş töwerek janlanyp,  ýaşyl begrese bürenýär, daragtlar pyntyk ýaryp, ýaşaýyş bir mertebe galkynýar. Tebigatyň bu ajaýyp pursatlarynda zähmete hyjuwly babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp, bol hasylyň düýbini tutmaga girişýärler. Pasyllaryň iň zyýady hasaplanylýan baharyň şeýle ajaýyp günleri özüniň arassa, tenekar howasy bilen adamlarda zähmete bolan hyjuwy döredip, watana söýgini has-da artdyrýar. Synlanyňda gözüňi gözellikler bilen gandyrýan türkmen tebigatynyň soňsuz täsinliklerini söz bilen beýan edip bilmek örän çökder gelýär.

 

Günüň nuruna eýlenen täsin tebigatyň ýazda üýtgeşik görnüşe eýe bolşy ýaly, ynsanlar-da baharda geň duýgularyň girdabyna düşýärler. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini bütin zemine paýlaýar. Ähli pasyllaryň hem özboluşly gözelligi, aýratyn öwüşgini bar. Ýöne bahar paslynyň gözellegine taý geljek gözellik ýokdur. Guşlaryň hoş owazly nagmalary her gün saba säheri ukudan oýarýar. Çisňäp ýagýan ýagyş damjalary goja zemine rysgal-bereket paýlaýar.  

 

Türkmen Diýaryna sowulmaz ýazlary, halkymyza eşretli zamany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn.

 

Zöhre HALLYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň talyby.