Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦ ✦ Hytaý diliniň milli usulyýetini kämilleşdirmekde ähmiýeti ✦ ✦ Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti ✦ ✦ Iňlis dilindäki tehniki adalgalaryň elektron sözlüginiň ähmiýeti ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy ✦ ✦ Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistan we Ýaponiýa ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler ✦ ✦ Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Bagtyýarlyk döwrüniň waspy
  13.12.2019
1091
Bagtyýarlyk döwrüniň waspy

   Türkmen taryhynyň altyn eýýamynda - Berkarar Türkmenistan döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda Watanymyz ähli ugurlar babatda ösüşlere beslenýär. Munuň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyllyk bilen ýöredýän syýasatlary hem-de halkymyzyň agzybirligi, öz Arkadagyna berk ynamy dur. Ýeri gelende, mähriban Arkadagymyzyň hem öz halkyna bolan ynamyny şeýle beýan edýär: «Men öz merdana halkyma, onuň ajaýyp döredijilik güýjüne we egsilmez mümkinçiliklerine, bagtyýar hem nurana geljegine pugta ynanýaryn!» Birek-birege bolan şunuň ýaly berk ynamyň netijesiniň diňe bagtyýarlyk we ösüşler bilen bagly boljakdygyny bolsa taryh subut gelýär.

         Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň: Göterildi ol ykbaly türkmeniň!

― diýýän döwri, megerem biziň şu berkarar Watanymyzyň bagtyýarlyk döwrüdir! Çünki halkyň arzuwlarynyň wysaly şu zamanda jemlenen. Ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi döwletimiziň binýadynyň mizemezligi ýöredilýän adyl syýasatlaryň netijesidir. Halkyň geljekde-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin gazdan,  suwdan,  elektrik togundan, ýangyçdan mugt belli bir möçberde mugt peýdalanmaklygyň möhletiniň 2030-njy ýyla çenli uzaldylmagy mähriban Arkadagymyzyň halkymyz üçin edýän aladalarynyň bimöçberdigini aňladýar.

      Kaka etrabynda birnäçe binalar gurlup ulanylmaga berildi. Olardan Duşak geňeşliginde çaga dogrum hassahanasynyň, Garahan geňeşliginde Saglyk  öýüniň  Ýüzbaşy ýaşaýyş jaý  toplumynda  Saglyk  öýüniň  açylyp ulanylmaga  berilmegi  döwletimiziň  gülläp  ösüşiniň barha kämilleşýändiginden habar berýär. Ynha 2019-njy ýylyň  dekabr  aýynyň 7-sine Bitaraplyk baýramçylygymyzyň öňisyrasynda Kaka etrabynyň hassahansynyň düýpli abatlaýyş toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegide  biz ýaşaýjylary has-da guwandyrýar,  begendirýär.

         2019-njy ýylyň 8-nji dekabrynda-da Duşak şäherçesi bilen Mäne oba aralygynda “Ýigit” hojalyk jemagaty tarapyndan 2019-njy ýylyň 9-njy fewralynda düýbi tutulan 20 gektar ýerde gurulan ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boljak. Bu ýerde-de köp raýatlara iş bilen üpjün edildi.

         Milli demokratiýanyň gadymy ýörelgeleriniň barha dabaralanýan zamanasynda halkymyzy bol-elinlikde ýaşadýan, Watanymyzyň halkara abraýyny has belende galdyrýan hormatly Prezidentimize jan saglygyny, her bir başlan işinde mundan beýläk-de üstünlik gazanmagyny arzuw edýäris.