logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Culture /Bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi
  03.05.2021
718
Bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi

      Sarahs etrabyndaky Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, Sarahs etrap Bilim bölüminiň, O.Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna hem-de Ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanyp surat çekmek boýunça “Bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa etrabyň mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda suratkeşlik bilen meşgullanýan okuwçylaryň we O.Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebinde okaýan suratkeş oglan-gyzlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda oňa gatnaşan suratkeş oglan-gyzlar özleriniň hödürlän işlerinde ata-watanymyzyň parahatçylyga beslenýän Garaşsyzlyk ýyllarynda  gazanan ösüşleri, toý baýramlary, Ak şäherimiz Aşgabadyň pajarlap ösüşi aýdyň şöhlelendirilýär. Bäsleşige hödürlenen işleriň ählisi eminler toparynyň garamagynda seljerme işleri geçirilip olaryň arasyndan has tapawutlanan eserler saýlanyp alyndy. Has takygy, bäsleşige hödürlenen işleriň dördüsine ýagny, O.Salyr adyrndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaşlyk sungaty boýunça bilim alýan okuwçylary Bezirgenow Kadyr, Döwletmyradow Erkin, Jumanepesowa Çynar we Berdimyradowa Aýsenem dagylaryň sungat eserlerine baýrakly orunlar kesgitlenildi. Tapawutlanan okuwçylara TMÝG-nyň Sarahs etrap Geňeşiniň hormat hatlary gowşuryldy.