Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Kömekçi agronom işe çagyrylýar! ✦ ✦ Bedew - türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly halkara bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Ýewropada howanyň temperaturasy üýtgeýär ✦ ✦ Zyýanly mör-möjeklere garşy gurçukly gel oýlap tapdylar ✦ ✦ Magtymguly Pyragy - köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Apofis asteroidiniň Ýere golaý aralykdan geçmegine garaşylýar ✦ ✦ OIOIUS — 2024: II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi ✦ ✦ Türkmen seýisçilik sungaty ✦ ✦ Türkmen talyplary «SEEMOUS-2024» 18-nji Halkara olimpiadasynda 17 medal gazandy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Bagtyýarlygyň hem gözelligiň baýramy
  20.03.2023
492
Bagtyýarlygyň hem gözelligiň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň tebigaty ýaşyl begrese besläp gelen, nurana bahar pasly bereketli türkmen topragymyza düşümli gadam basyp, eziz Diýarymyzy gülzarlyga, lälezarlyga besledi. Ajaýyp ýaz paslynyň jana melhem hoştap howasy, ýagyşly-ýagmyrly, gül-gunçaly ajaýyp keşbi ýaşyl sähralarymyzyň, keremli daglarymyzyň görküne has-da görk goşdy. Şeýle ajaýyp günlerde Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni eziz Watanymyz Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde uludan garşylanýar. Täze eýýamda täze, baý many-mazmuna beslenýän Halkara Nowruz gününiň şatlyk-şowhuny her bir bagtyýar maşgala ojagyna sahawatlylyk, döwletlilik, agzybirlik eçilýär. Milli Bahar baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň özboluşly nusgasy hökmünde uludan toýlanýar. Bu bolsa galkynyşly ösüşler bilen öňe barýan mähriban Diýarymyzda şeýle şanly senelere, milli baýramlara döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.

Nowruz ösümlikleriň, bag-bakjalaryň gunçalap, ýapraklap başlaýan, reňbe-reň gülleriň açylyp ynsan kalbyny heýjana salýan lälezarlygyň baýramydyr. Türkmen hasabyna görä, Nowruz gije bilen gündiziň deňleşýän mahaly bolup, bu döwürde howa mazaly ýylaýar, il arasynda «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Nowruzyň gelmegi bilen daýhançylygyň gyzgalaňly döwri başlanýar. Milli Bahar baýramynyň öňüsyrasynda her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň hem geçirilmegi Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan mynasyp ýol-ýörelgedir. Şeýle hem ýazyjydyr şahyrlarymyzyň şahyrana eserlerinde, goşgudyr şygyrlarynda sahawatly topragymyzyň bereketliligi, halkymyzyň milli gymmatlyklary, türkmen tebigatynyň gözellikleri, Nowruzyň waspy çeper şöhlelendirilýär.

Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkymyzy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy ýurdumyzda uludan toýlanylýan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, Milli Bahar baýramynyň belent joşguny kalplara şatlyk paýlap, bagtyýarlygyň şirin owazy bolup älem-jahana dolsun! 

 

Ýusupmyrat GARAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.