Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Bagtyýar döwrümiziň aýdym-saz sungaty
  15.03.2023
2454
Bagtyýar döwrümiziň aýdym-saz sungaty

Berkarar döw­le­ti­mi­ziň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri netijesinde bagtyýar dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry bi­len birlikde, hal­ky­my­zyň milli mirasy kämilleşip, ru­hy dün­ýä­si­ has hem baý­laş­ýar. Merdana hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­niň, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bo­lan aý­dym-saz sun­ga­ty­ny ös­dür­mek we dünýä ýaýmak boýunça «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän başlangyçlar giň gerime eýe bolýar.

Aýdym – adamlaryň göwün syrdaşydyr, haçanda aý­dym-saz ýaň­la­nan­da, köň­ülde ýakymly joşgun, ruhubelentlik duýgusy döreýär. Ol ynsany tä­ze-täze üstünliklere, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Aýdym-saz döredijiligiň aja­ýyp bir aý­ra­tyn­ly­gy­dyr, ol ynsanyň tutuş öm­rü­niň hem­ra­sy­dyr.

Geçmişde göwni ýaz ýaly şahandaz halkymyz, paýhasly ata-babalarymyz bu sungaty özleriniň he­mi­şe­lik hem­ra­sy­na öw­rüp­dir­ler, aýdym-saz sungatynyň mizemejek ýollaryny kemala getiripdirler. Türkmen aýdym-saz sungatyny arşa galdyran ussat bagşydyr meş­hur sa­zan­dalarymyz hakydalarda hem kalplarda müdimi ýaňlanjak aýdym-sazlary döredipdirler we biziň günlerimize sünnäläp getiripdirler. Halypalaryň döreden bu beýik ýoly ýaş sungat ussatlary, häzirki nesiller üçin ýörelgeli ýoldur, uly mekdepdir. Halypa Sa­ry bag­şynyň: «Türk­me­niň aý­dym-sa­zy bör­ňül­däp ýa­tan aka­ba­dyr, aza­by­ny çek­me­seň, on­dan sa­ňa agyz­su­wam ýet­mez» di­ýen parasatly sözleri yk­ba­ly­ny sun­gat äle­mi­ne bag­lan adam­lar üçin hakyky dur­muş ýö­rel­ge­sidir. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men aýdym-saz sun­ga­ty türkmen halkynyň Mil­li Li­de­ri­ Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary ne­ti­je­sin­de uly ösüş­le­re hem özgerişlere beslenýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz sungat işgärleri üçin nusgalyk göreldedir, beýik halypadyr. Toý-baýramly eziz diýarymyz­da yzygider ge­çi­ril­ýän döredijilik fes­ti­wal­lary, me­de­ni­ýet gün­le­ri, döredijilik bäsleşikleri aýdym-saz sungatynyň uly ünse eýe bolýandygyna, ýaşlaryň arasynda bu ug­ruň barha ýaý­baň­lan­ma­gy­na uly ýardam ed­ýär. Manyly ömri ýaşlara nusgalyk bolan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň «Ile döw­let ge­ler bol­sa», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly ajaýyp eserleri türk­men aý­dym-saz­ sungaty­na ba­gyş­lanan gymmatly eserlerdir. Bu gymmatly kitaplar asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­p gelen mil­li aý­dym-saz me­de­ni­ýe­timiz­den söh­bet aç­ýan tapylgysyz gollanmadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurda ýo­la goý­ýan dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri halkymyzyň asuda, abadan hem bag­ty­ýar dur­mu­şyny üpjün edip, tutuş dün­ýä dost-do­gan­lyk, pa­ra­hatçylyk ýollaryny, döredijilikli gatnaşyklary açýar.  Döwletli döw­rü­mizi beýik işleri bilen öz­ger­dip, gö­wün­leri galk­yndyrýan, türkmen aýdym-saz sungatynyň has hem ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun. Toý-baýramlarymyzyň gelşigi, dünýämiziň ruhy baýlygy bolan aýdymdyr sazlarymyz hemişe belentden ýaňlanyp dursun! 

 

Ogultäç GURBANNAZAROWA,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar
sungat mekdebiniň mugallymy.