logo

Latest news:
✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦
Home / Poetry /Bagt şäheri «Arkadag»
  09.08.2023
6537
Bagt şäheri «Arkadag»

Gadymy Ahalyň iň ajap kendi[1],
Arkadagyň bagt şäheri «Arkadag».
Şanyňa döreder şahyrlar bendi,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

 

Beýik Köpetdagyň edil alkymy,
Güneş nury deýin saçyp ýalkymy,
Bu juwan göwnümiň baky galkymy,
Arkadagyň bagt şäheri «Arkadag»

 

 

Arkadagly Serdar köňül buýsanjy,
Watanyň daýanjy, halkyň guwanjy,
Milli Lidermiziň dünýä söýünji,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

 

Ajaýyp binalaň döwrebap, kämil,
Bu ýerde toý tutýar bunsanjy kän il,
Ekologiýa taýdan arassa, tämiz,
Arkadagyň bagt şäheri «Arkadag».

 

 

Elektrik ulaglar, elektron gurluş,
Daşky gurşaw bilen sazlaşyk gurmuş,
Sende rowaçlanýar täze bir durmuş,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

                                        

Akylly şäheriň «emeli aňy»[2],
Bütin dünýä ýüzne salyp dur ýaňy,
Türkmeniň jahanda atan ak daňy,
Arkadagyň bagt şäheri «Arkadag»

 

 

Binalaň ak, sen aklygyň şäheri,
Parahatlyk, asudalyk säheri,
Sende güllär baky bagtyň bahary,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

 

Seýilgähleň göýä jennet mekany,
Terçemenli baglaň kalbyň dükany,
Sende nesilleriň kämil bekäni,
Arkadagyň bagt şäheri «Arkadag».

 

 

Halkara sylaglaň ýigrim bir boldy,
Dünýä ykrar hatyň äleme doldy,
«Ýaşyl gurşaw»[3] bilen işleriň şowly
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

 

Ruhy sagdynlygmyz gurşaýar seri,
Buýsanjyň kalbyňa sygarmy, ýeri,
«Ýaşyl ykdysadýet» galkynan ýeri,
Arkadagyň bagt şäheri «Arkadag».

 

                                        

Belent binalaryň hatarma-hatar,
Ajaýyp boýlary asmana ýeter,
Saňa söýgim bu gün joşýar has beter,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

 

Dünýä işewürligniň täze merkezi,
Galkyndyrýar diýarymy, her kesi,
Milli Lidermiziň kalbynyň sesi
Arkadagyň bagt şäheri «Arkadag».

 

 

Saňa uzar dost-doganlyk ýollary,
Hoşniýetli hyzmatdaşlyk gollary,
Gülzara öwrer sagy-sollary,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

 

Bagtyýar çagalaň şadyýan sesi,
Guwandyrýar, türkmen ilin her kesi,
Gadymy Ahalyň täze merkezi,
Arkadagyň bagt şäheri «Arkadag».

 

 

Kärizek hem Gorjaw – goşa ganatyň,
«Arkadag» binasy şähre zynatyň,
«Akhan» ymaratyň –  ajap syratyň,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

 

Halkara sylaglaň sany ýigrim bir,
Durnukly ösüşli asryň ýigrim bir,
Ýene-de özgerder asryň ýigrim bir,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

 

 

Arkadagly Serdar köňül buýsanjy,
Watanyň daýanjy, halkyň guwanjy,
Milli Lidermiziň dünýä söýünji,
Arkadagyň ak şäheri «Arkadag».

                                       

Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.

 

 


[1]Seret: kend II –  şäher. Gadymy türkmen sözlügi (elektron kitap). 411-nji sahypa https://www.kitaphana.net/book/2311

[2] «emeli aňy» sözi sanly ulgam bilen baglanyşykly «emeli intellekt» düşünjesiniň türkmençe aýdylyşy.                                 

[3] «Ýaşyl gurşaw» sözüni «Ýaşyl ykdysadyýet» manysynda aldym.