logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Babadaýhan etrabynda “Mähre siňen nepislik” ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  26.08.2023
570
Babadaýhan etrabynda “Mähre siňen nepislik” ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Babadaýhan etrabyndaky 19-njy orta mekdepde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Mähre siňen nepislik” ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa mekdep mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we edara-kärhanalarda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar.

 


Maslahatda çykyş edenler ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli el işlerimiziň gymmaty dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Olaryň nygtaýşy ýaly, milli el işlerimiz diňe bir zenanlaryň lybaslaryny bezemän, eýsem öýlerimiziň törlerini hem bezeýär. Şonuň üçin olaryň durmuşymyzda tutýan orny bimöçberdir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň nusgalyk ýoly geljekki nesiller üçin görelde mekdebidir.

 


Maslahata gatnaşyjylar gadym döwürlerden gelýän milli gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenip, gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmekde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň bimöçberdigini aýratyn bellediler.