Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Azyk bolçulygy – bagtyýar durmuşa badalga
  13.02.2023
931
Azyk bolçulygy – bagtyýar durmuşa badalga

Peder ýoluny mynasyp dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürilmegi, hususy pudagy ösdürmekde kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. 

Eziz Diýarymyzda azyk ulgamyny ösdürmegiň, ilatyň dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Bu babatda obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen möhüm wezipeler bu ulgamyň okgunly ösdürilmegine şert döredýär. Soňky ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynyň ähli ugurlaryny tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek arkaly oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, tohumçylygy ösdürmek, innowasiýanyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak babatdaky özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli möhüm işler mynasyp miwesini berýär. Her ýylda ak bugdaýyň bol hasylyny ýygnaýan edermen türkmen gallaçylary diňe bir ata Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, azyklyk bugdaýy hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini eksport edýän ýurt hökmünde tanalýar. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda gallaçylyk we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, gök ekerançylyk, miweli we bezeg bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, bal aryçylyk ýaly ugurlary netijeli ösdürilýär. Obada bazar gatnaşyklaryny ugur edinýän hojalygy ýöretmegiň täze görnüşlerine geçilmegi ak bazarlarymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen doly üpjün etmäge, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagy, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýylyň islendik döwründe hem zerur bolan azyk önümleri bilen üpjün edilmegi döwletimiziň obasenagat toplumynyň baş wezipesi bolmak bilen, bu ugurda döwrebap ýyladyşhanalar toplumlary gurulýar. Oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün eden edermen babadaýhanlara ýerleriň uzakmöhletleýin kärendesine berilmegi, bu pudakda oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi diňe bir ýerden peýdalanyjylaryň däl-de, eýsem, ýer eýeleriniň, gurply daýhan hojalyklarynyň kemala gelmegine ýol açýar. Bularyň ählisi bolsa, bagtyýar watandaşlarymyzyň abadan durmuşynyň badalgasy bolup kalplara dolýar!

 

Akjagül ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Jemgyýeti öwreniş ylymlary 
kafedrasynyň mugallymy.