logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /«Aždarha kelleli» balyk
  13.03.2023
2295
«Aždarha kelleli» balyk

Ýer ýüzünde duş gelýän iň täsin balyklaryň biri-de kalamoiht (latynça Erpetoichthys calabaricus) balygydyr. Bu balygyň bedeni uzyn, edil ýylana şekilli.  Bedeniniň deri örtügi ýaşylymtyl goňur reňkli. Bu balygyň beden uzynlygy köplenç 37 santimetrden geçmeýär. Ýöne häzirki wagta çenli onuň maksimal uzynlygy hökmünde  90 santimetr ölçegi hasaba alyndy. Kalamoiht balygynyň aňrybaş ýogynlygy uly adamyň başam barmagy ýaly bolup bilýär. Onuň kelle gurluşy aždarhanyň kellesine örän meňzeş. Bu balygy tanamaýan adam ony ilkinji gezek görende ýylana meňzedýär.

Kalamoiht balygy süýji suwlarda-da, duzly suwlarda-da ýaşamaga ukyplydyr. Köplenç suwuň içinde ösümlik baldaklaryna oraşyp durýar. Bu görnüş Günbatar Afrikada sebitiniň suw aýtymlarynda giňden ýaýrandyr. Alagaraňkylarda we gijelerine işjeň bolýar. Bu balyk ownuk mör-möjekler, gurçuklar bilen iýmitlenýär. Görüş ukyby pes bolanlygy sebäpli iýmitini duýgy organlary arkaly tapýar.

Kalamoiht balygy owadanlygy sebäpli köp döwletlerde akwariumda saklanýar. Bu balyk akwariumdaky daşlara ýelmeşip ýaşamagy halaýar. 

 

Muhtarjan ITALMAZOW,

Türkmenistanyň oba hojalyk
we daşky gurşawy goramak ministrliginiň
Daşky gurşawy goramak gullugynyň
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň
2-nji derejeli döwlet inspektory.