logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Awazada halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
  15.06.2023
929
Awazada halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

14-nji iýunda «Awaza-2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň çäklerinde «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkeziniň mejlisler zalynda bolan halkara maslahatyna festiwalyň myhmanlary we türkmen tarapynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar ilki bilen merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny beýan edýän surat eserleri we dürli kitaplar görkezildi.

Maslahatdan soňra «Awaza-2023» atly halkara tans we folklor festiwaly bu çärä gatnaşýan daşary ýurtly tans hem-de folklor toparlarynyň konserti bilen dowam etdi. Hazar deňziniň kenaryndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähinde ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlarda dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň waspy ýetirildi.