logo

Latest news:
✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦
Home / Nature /Atmosfera näme?
  20.06.2023
2327
Atmosfera näme?

Atmosfera sözi iki sany grek sözlerinden gelip çykan: «atmos» - bug, «sphaire» – togalak, şar diýmegi aňladýar. Şeýlelikde, atmosfera – bu planetamyzyň gaz gabygy bolup, ol dürli-dürli gazlaryň garyndysyndan hem-de suw buglaryndan we tozanlardan ybarat howa garyndysydyr. Atmosfera dürli gazlaryň mehaniki birleşmesidir. Onuň düzümindäki azot - 78%, kislorod - 20,95%, argon - 0,93%, kömürturşy gazy - 0,003% barabar. Atmosferanyň düzümindäki beýleki gazlaryň (neon, geliý, metan ksenon, radon, wodorod, azon, ammiak we beýleki) möçberi bolsa takmynan 0,01% deňdir.

Atmosferanyň häzirki zaman düzümi – Ýer jümmüşinde we onuň üst ýüzünde bolup geçen uzak möhletli ewolýusiýa hadysalarynyň netijesidir. Şunda ýaşyl ösümlikler, haýwanlar we mikroorganizmler aýgytlaýjy ähmiýete eýedirler. 

Ýeriň atmosferasy iki sany gatlaga bölünýär: 

aşaky gomosfera gatlagy (100 km belentlige çenli) – bu gatlak ýeriň üst ýüzüne golaý ýerleşip, onuň birmeňzeş himiki düzümi bar;

ýokarky geterosfera gatlagy – bu gatlagyň himiki düzümi birmeňzeş däldir.

Atmosferanyň möhüm häsiýetleriniň biri-de, onuň düzüminde kislorodyň bolmagydyr. Ýeriň ilkinji atmosferasynyň düzüminde kislorod bolmandyr. Onuň peýda bolmagy we toplanmagy Ýer ýüzünde ýaşyl ösümlikleriň ýaýramagy we olaryň fotosintez hadysasyny amala aşyrmaklary bilen baglanyşyklydyr. Maddalaryň kislorod bilen özara himiki täsirleşmeleriň netijesinde janly organizmler özleriniň ýaşaýyş işjeňlikleri üçin zerur bolan energiýany alýarlar.

Atmosferanyň fiziki häsiýetleri we ýagdaýy wagtyň dowamynda – gije-gündizde, pasyllarda, ýylyň dowamynda, şeýle hem deňiz derejesinden beýiklige, ýer giňişliklerine, onuň ummandan nähili uzaklykda ýerleşýändigine baglylykda, giňişlikde üýtgäp bilýär.

Geçen XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başlarynda alymlar adamzadyň işjeňliginiň täsiri netijesinde ozon ekranyna zyýan ýetirilip, onuň dargap başlandygyny anykladylar. Munuň sebäbi sowadyjy enjamlarda freonlaryň köpçülikleýin peýdalanylmagy hem-de atmosfera giňişligine durmuşda ulanylýan aerozollaryň zyňylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde her ýylda atmosfera zyňylýan freonyň umumy mukdary 1,4 million tonna barabar bolupdy. Dünýä döwletleriniň özara ylalaşykly we sazlaşykly tagallalarynyň netijesinde atmosfera zyňylýan freony  azaltmak mümkin boldy. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde Türkmenistanda hem ozon gatlagyny ony dürli dargadyjylardan goramak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Atmosfera Ýer togalagyny köp sanly meteoritleriň täsirinden hem gorap saklaýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, her sekuntda atmosfera giňişligine adaty göz bilen görüp bolýan meteoritleriň 200 milliona çenlisi gelip düşýärler. Emma olar atmosferada ýanyp gidýärler. Kosmos tozanlarynyň maýdaja bölejikleri hem atmosferada öz hereketini haýalladýarlar. Ýeriň üstüne her ýylda kiçijik meteoritleriň 1018-e golaýy gelip düşýär. Munuň özi Ýeriň massasynyň ýylda 1 müň tonna köpelmegine getirýär. Atmosfera ýylylygy saklaýjy süzgüç hasaplanýar. Atmosfera bolmasa Ýerde temperaturanyň gije-gündiziň dowamynda üýtgäp durmagy  2000 C-ä ýeterdi (gündizine 1000 C-den – gijesine 1000 C-ä çenli). 

 

Bahar KALANDAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.