logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /«Asylly ýörelgeler — dowamat-dowam» atly sergi gurnaldy
  26.12.2022
1019
«Asylly ýörelgeler — dowamat-dowam» atly sergi gurnaldy

24-nji dekabrda, Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Asylly ýörelgeler — dowamat-dowam» atly sergi gurnaldy. Bu çäräni, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýatyň Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar.

Sergide ene-mamalarmyzdan miras galan el işleri bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň keşde çekmek, jähek çalmak, gaýma gaýamak ýaly el işleri we milli gymmatlyklarymyz öz beýanyny tapdy.

Şeýle sergileriň geçirilmegi arassa ahlakly, asylly, edep-ekramly, el işine ökde, zähmetsöýer, mähirli, açyk göwünli, ýüzleri nurana türkmen zenanlarynyň bardygyny dünýä äşgär edýär.