logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Society /Asylly ýörelgeler dabaralanýar
  08.04.2021
599
Asylly ýörelgeler dabaralanýar

Azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmek, ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak hem-de eksportuny giňeltmek ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň möhüm wezipeleri bolup durýar. Şu wezipeleri amal etmekde güneşli Diýarymyzda hereket edýän ýyladyşhanalaryň paýynyň hem uludygyny aýratyn bellemelidiris. Olarda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja önümleri ak bazarlarymyzda halkymyza elýeterli edilip, artanlary bolsa daşary bazarlara eksport edilýär. Şeýle bähbitden ugur alnyp, ine, sanlyja gün mundan öň hem hormatly Prezidentimiziň hut özüniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümler ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň birbada altysy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Olar Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň hem Sakarçäge etraplarynda ýerleşýär. Täze ýyladyşhanalar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bolan «Oguz ýoly», «Daş demir» hojalyk jemgyýetleri, «Altyn gala gurluşyk», «Altyn bürgüt», «Mähriban obam» hususy kärhanalary tarapyndan guruldy. Obasenagat toplumynyň bu täze desgalarynyň umumy meýdany 35 gektara barabar bolup, ýylda jemi 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge ukyply. Häzirkizaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan bu ýyladyşhana toplumlarynda 400-e golaý adam zähmet çeker. Elbetde, bu işler eziz Diýarymyzyň oba hojalyk ulgamynyň işini öňküsinden-de kämilleşdirilýändigini, döwrebaplaşdyrylýandygyny, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň talabalaýyk alnyp barylýandygyny ýene bir ýola subut etdi.

Azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzüminde iş alyp barýan kömekçi hojalyklarynyň hem bitirýän hyzmatynyň uludygyny nygtap geçmelidiris. Kömekçi hojalyklardaky işler degişli ekin meýdanlarynda harby hünärmenler tarapyndan ýola goýlup, bu ýerlerde ösdürilip ýetişdirilen gök önümleri harby gullukçylara, olaryň maşgala agzalaryna elýeterli edilýär. Artyk öndürilen gök önümler bolsa ak bazarlarymyza çykarylyp, halkymyza ýetirilýär.

Kömekçi hojalyklaryň düzüminde ýyladyşhanalaryň hem bardygyny ýatlap geçsek has ýerlikli bolar. Şol ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar, limon ýaly gök önümleriň, miweli agaçlaryň ösdürilip, olardan bol hasylyň alynýandygyny aýtmalydyrys.

Ýaňy ýakynda bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň kömekçi hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek hem-de bu düzümleriň ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine goşýan goşandyny mundan beýläk-de artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdy. Bu bolsa milli Liderimiziň ýurdumyzyň her bir raýaty, şol sanda Watan goragçylary hakda diýseň uly alada edýändigine ýene bir ýola aýdyň güwäçi boldy.

Türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görüp, duýup ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Goý, dünýäde abraý-mertebesi belent hormatly belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, halkymyzyň ýagty ertiri ugrunda durmuşa ornaşdyrýan döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!