logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Tebigat /Astrofit
  12.06.2023
1114
Astrofit

Astrofitler – (Astrophytum) kiçi göwrümli sferiki kaktuslaryň jynsynyň wekilleri. Bu çöl kaktuslary Günorta Amerikada we Meksikada dörän ajaýyp täsinlikdir. Rus dilinden terjime edilende ösümligiň ady «astro» ýyldyz we «fitum» ösümlik diýmekligi aňladýar. Bu at kaktusyň daşky görnüşi bilen bagly bolup durýandyr. Astrofitum ösdürilip ýetişdirilişine baglylykda birnäçe görnüşleri tapawutlanýar. Bu gowadan güller ösümlikçilikde gaty meşhur hasaplanýar. Olaryň daşky reňki goňur reňke boýalan bolup, melemtil tegmilleri hem bar. Bu görnüşiň diňe az böleginde iňňeleri bar. Köpüsinde bolsa asla ýok we gaty gowşak beýan edilendir. Tomus aýlarynda astrofitleriň depesinde uly güller emele gelýär.  Olar adatça tomusda bary-ýogy iki-üç gün gülleýär. Olaryň gülleriniň reňki sary reňkden gyzyl reňke çenli üýtgäp biler. Ýabany tebigatda astrofitler güllänsoň miwe berýär. Miwe ýyldyz şekilli we goňur tohumlary öz içine alýar. 

Görnüşleri:

Owlak astrofiti
- tebigy şertlerde beýikligi 25 sm ýetýän kaktus. «Astrofitum Capricornus» ilki başlarda top görnüşinde, ulaldygy saýyn ösümlik beýikligine tarap ulalýar. Astrofitumyň ýüzi ownuk tegmiller bilen örtülendir. Baldaklary 7-8 sany ýiti gapyrga bölünýär. Her gapyrgada 7 santimetre çenle uzalan oňurgalar bolýar. Oňurgalaryň kömegi bilen kaktus ýüň bilen örtülen ýaly şekili berýär. 

Ýyldyzşekilli astrofitum - ekzotik we üýtgeşik görnüşiň kaktusy, uzak wagtlap gülleýän, 6-8 segmente bölünen ýyldyzşekilli kaktus. Bu kaktusda tikenleri bolmaýar, munuň deregine ösümlik ýumşak tegmiller bilen örtülendir. 

Tegmilli astrofit - iň owadan  we özüne çekiji görnüş hasap edilýär. Oňurgalardan doly mahrum bolan we adyndan belli bolşy ýaly ýüzi ýumşak tegmillerden doly görnüş. Gülleri sary we ullakandyr. Astrofitler bezeg bagçylygynda giňden ulanylýar. 

 

Ilýas Muhamet MUHAMMEDOW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.