logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna resmi taydan goşuldy
  06.11.2023
577
Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna resmi taydan goşuldy

Ýaňy ýakynda Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çözgüdine görä Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

 

 

Bilşimiz ýaly, bu ugurdaky başlangyçlar 2021-nji ýylda başlanylyp, Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň düzüm birlikleri, komitetleri we halkara hünärmenleri bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Aşgabat şäheri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan dünýäde owadan we tehnologiki taýdan ösen şäher hökmünde ykrar edildi. Bu ýyl ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri toruna 55 sany täze şäher goşuldy. Iň soňky goşmaçalar bilen Tor häzirki wagtda ýedi döredijilik ugruna wekilçilik edýän ýüzden gowrak ýurtda Senetçilik we halk döredijiligi, Dizaýn, Film, Gastronomiýa, Edebiýat, Mediýa sungaty we Aýdym-saz ýaly ýedi döredijilik ugrundaky 350 şäheri öz içine alýar.

 

 

ÝUNESKO-nyň Baş direktory, guramanyň resmi metbugat synynda bu döredijilik şäherleri toruna girýän şäherleriň medeniýete elýeterliligi giňeltmekde we şäheriň durnuklylygyny we ösüşini üpjün etmek üçin döredijilik mümkinçiliklerinden peýdalanmakda öňdebaryjydygyny aýtdy.

 

 

Pena GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň talyby.