Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ARKADAGYŇ PAÝHASY, GÖRELDELIK NUSGASY
  05.08.2019
760
ARKADAGYŇ PAÝHASY, GÖRELDELIK NUSGASY

   Türkmenistan Rowaçlygyň watany ýylynyň her bir güni biziň bagtyýar türkmen halkymyz üçin täsirli wakalara, ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenip gelýär. Ýurdumyzda ähli alynyp barylýan işler halkymyzyň gowy ýaşamagyna gönikdirilendigine biz bagtyýar türkmen halky özümiziň her ädimimizde duýýarys. Ýeri gelende aýtsak beden terbiýe sport herketi ýurdumyzda ileri tutulýan döwlet syýasatynyň birine öwrüldi. Bu babatda bolsa hut gahryman arkadagymyzyň özi bize mysallyk mekdep bolup durýar. Mälim boluşy ýaly ýaňy ýakynda Gahryman Arkadagymyz özüniň dynç alyş günleriniň birinde ekologiýa taýdan iň arassa ulag bolan welosiped bilen gezim etmegi elbetde biziň halkymyza  görem-görelde bolup durýar. BMG-yň Baş assambleýasynyň 78-nji sesýasynda bu ýylyň 3-nji iýuny “Welosiped güni” diýip yglan etmek barada rezalýusiýa kabul edildi. Bu kabul edilen rezalýusiýa birnäçe döwletler awtordaş bolup çykyş etdiler. Şeýle-de Prezidentimiziň gözel künjekleriniň birinde welosiped binasynyň gurulmagy ýurdymyzda welosiped sportyna goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

   Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň dynç alyş günleriniň dowamynda atçylyk toplumynda özüniň “Şapolat” atly aty bilen didarlaşmagy we gezelenç etmegi biziň “Ahal-teke” türkmen bedewlerine goýulýan sarpanyň has ulydygyny görkezýär. Çünki türkmen halky gyz gylykly bedewlermizde özleriniň ar-namysy hasaplapdyrlar. Şu jähtden hem her ýylda türkmen bedewlermiziň milli baýramy uly şatlyk şowhun bilen bellenip geçilýär.

   Dynç alyş pursadynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hataryna gelip gowşan täze harby enjamlaryň käbirlerini synagdan geçirmegi we nyşana ok atmagy, elbetde her bir babatda harby esgerlere nusgalyk mekdep bolup durýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Elbetde ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapynda şeýle asyly başlangyçlary dowam etdirilmegi Türkmenistan döwletiniň Ýaragly güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň has-da kämilleşýändigini ýene bir gezek äşgär edýär.

   Şeýle-de dynç alyş pursadynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäher häkimi bilen bilelikde welosipedli “Olimpiýa” şäherçesine barmagy, şonuň bilen birlikde hem ýurdumyzda welosiped sportyny ösdürmek, bu babatdaky desgalary aýawly saklamak baradaky ara alnyp maslahatlaşylan çözgütler ýurdumyzyň maddy enjamlaýyn binýadyny has-da berkedýändigini ýene-de bir gezek äşgär edýär. Şeýle-de ýurdumyzda bu babatda alnyp barylýan işler raýatlarmyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ginişleýin ornaşýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Çünki ata watanmyzda umumy milli sportokiýadalaryň halkara sport bäsleşikleriniň , dürli ýaryşleryň geçirilmegi netijesinde raýatlarmyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sany barha artdy. Şeýle-de dynç alyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň öz agtygy Kerimgulynyň “Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe” atly saz eserini diňlemigi hem aýratyn bellärliklidir. Halypaçylyk ýoluna özüniň altyn şuwlasyny saýan aýdymçy Orazgül Annamyradowadan tälim alyp, ýörite sazçylyk mekdebini tamamlan ussat sazanda Kerimgulynyň bu ajaýyp saz eserini ýerine ýetirmekde sungat ulgamynda ulanylýan dürli usullardan ýeterlikli peýlanmagy medeniýet we sungat işgärleriniň bu esere uly baha bermegi bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň bilen birlikde mähriban Arkadagymyza bu döreden säaz eserine maksada laýyk goşgy goşup Garaşsyzlyk baýramçylygynda aýdym hökmünde ýerine ýetirilse maksada laýyk boljakdygyny nygtap geçdi.

   Türkmen sährasynyň jana tenekär hawasynda özüniň sport awtoulagyna ussatlyk bilen erk etmegi, elbetde Gahryman Arkadagymyzyň biziň türkmen türgenlerimize nusgalyk mekdep boldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz agtygy Kerimgulynyň täze döreden hoş owazly saz eserini diňläp Garagum sährasyna aýlanmagy, Garagumyň täsin künjegi bolan “Garagumyň ýalkymyna” barmagy hem nygtamaga mynasypdyr. Biz bilýäs elbetde her bir zat Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde berk orun alýar. Ýurdumyzda milliligimize uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz türkmen alabaýlary hakda täze kibynyň jemleýji bölümlerini, jemleýji pikirlerini teswirlemegi hem munyň aýdyň subutnamasydyr. Häziorki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alabaý itlerimiz, bedew atlarymyz barada edilýän aladalar bu gün halkara derejesinde uly gyzyklanma döredip, dünýä bilermenleriniň üns merkezinde bolup durýar. Asuda, parahat Ata watanmyzda ýaşaýan, gurýan,döredýän, bagtyýar türkmen halkymyzyň bu günki gün öňde goýan maksatlary bagta rowana! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many mazmunly maksatlanamalaryndan ugur alýan Türkmenistan diýarmyzyň dünýä jemgiýetçiliginiň öňündäki halkara derejesindäki at abraýy has-da beletliklere galsyn! Özüne “Döwlet adam üçindir” diýen şygary baş ýörelge edinýän bize watany söýmegiň watansöýjiligiň asyl nusgasyny öwtedýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan il ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.