logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦
Home / Society /«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi
  05.05.2026
152
«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara hödürlendi. Täze sany mazmun taýdan baýlygy, döwrebap temalary we ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge gönükdirilen makalalary bilen aýratyn tapawutlanýar.

 

Žurnalda jemgyýetçilik-syýasy ösüşler, ýaşlar syýasaty, ekologiýa, milli gymmatlyklar hem-de halkara hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar giňden şöhlelendirilýär. Şeýle-de, döwletimiziň durnukly ösüş strategiýasy, ýaşlaryň bu ugurdaky işjeň roly we olaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri aýratyn üns merkezinde saklanýar.

 

Neşirde ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, sporty ösdürmek baradaky möhüm ugurlar hem giňden beýan edilýär. Şeýle hem ekologiýa degişli makalalarda tebigaty goramak, ýaşyl ösüş ýörelgeleri we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ähmiýeti barada maglumatlar berilýär. Mundan başga-da, milli baýramçylyklar, aýratyn-da Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler, milli medeniýet we halkymyzyň ruhy gymmatlyklary giňden açylyp görkezilýär.

 

Žurnalyň täze sany ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmak we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegine ýardam bermek maksady bilen taýýarlanan materiallary öz içine alýar.